T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Hydyr Derýaýewiň ömri we döredijiligi



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə9/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Hydyr Derýaýewiň ömri we döredijiligi
(1905-1985)
Terjimehal maglumatlar. Türkmen prozasynda görnükli yz galdyran ussat ýazyjy Hydyr Derýaýew 1905-nji ýylda Mary etrabynyň Egrigüzer obasynda garyp daýhan maşgalasynda dünýä inýär.
Ejesinden, kakasyndan ir jyda düşüp, garyndaşlarynyň elinde galan oglanjyk çagalykda Egrigüzerde jezitçe okadylýan mekdepde tatar mollasyndan sapak alýar. Soňra 1920-nji ýylda Maryda açylan Togtamyş internatyna okuwa girýär. Bu internatda bir ýyl okap Magaryf institutynda okuwyny dowam etdirýär. Ol Daşkent şäherine geçirilen instituty 1926-njy ýylda ustunlikli tamamlaýar. Geljekki ýazyjyny şol ýerde mugallym edip alyp galýarlar.
Soňra Hydyr Derýaýew Daşkentde açylan gazak mugalymçylyk institutyna girip, 1928-nji ýyla çenli okaýar. Şondan soň Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň ikinji kursuna geçýär. Bu uniwersiteti 1931-nji ýylda tamamlap, Aşgabat mugallymçylyk institutyna mugallym edilip iberilýär.
Ýazyjy 1937-nji ýylda şahsyýet kultunyň pidasy bolup, 1956-njy ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär. Aklanyp, erkinlige çykanyndan soň döredijilik işini dowam etdirýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işläp başlaýar.
1962-1965-nji ýyllarda ýazyjy Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň jogapkär kätibi bolup işledi. 1979-1981-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyn orunbasary wezipesinde zähmet çekdi.
Halypa ýazyjy H.Derýaýew 1988-nji ýylda aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy. Ýazyjynyň döredijilik ýoly 1928-nji ýylda şahyrçylykdan başlaýar. Sol ýyl «Türkmenistan» gazetinde onuň «Amyderýa» poemasy, şondan köp wagt geçmänkä bolsa «Ökünç we maslahat» poemasy çap edilýär.
H. Derýaýewiň «Amyderýa» poemasy öz döwrunde uly ähmiýete eýe boldy. Awtor soňky ýyllarda bu eserini gaýtadan işläp, sýužet ýordumlaryny giňeldip, çeperçilik taýdan has kämilleşdirdi.
Göwrum taýdan uly bolmadyk «Arzuw» poemasynyň dili sada, sýužet ýordumy ýönekeý, kompozision gurluşynda şeýle bir çylşyrymlylyk ýok. Awtor onda, esasan türkmen halkynyň geçmişde suw ugrunda gören görgülerini, rus ýer öwrenijisi Çerkasskiniň ekspedisiýasynyň heläk bolşuny suratlandyrýar.
Poemanyň baş gahrymany Hojanepes öz halkyny tüýs ýürekden söýýän, onuň bagtly bolmagy ugrunda janyny gurban etmäge taýýar adam. Ol Garagumy guraklyk belasyndan dyndarmak üçin näme etmelidigi barada pikir edýär. Ölçerip-döküp, iň soňunda şol döwürde ýeterlik tehniki enjamlary bolmadyk türkmen halkynyň özünin Jeýhuny öňki Uzboýyň ugry bilen akdyryp bilmejegine göz ýetirip, rus patyşasyna ýüz tutmak barada netijä gelýär. Öz ýolunda gabat geljek kynçylyklardan howatyr etmän, 1713-nji ýylda rus patyşasy Pýotrdan kömek soramak üçin ýola duşýär. Hojanepes Pýotr birinjä ýerlikli deliller bilen türkmen halkynyň suwsuz horlanýandygyny, şu meselede rus halkynyň kömegine mätäçdigini çyny bilen düşündirýär. Netijede hem Çerkasskiniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýanyň Türkmenistana iberilmegini gazanýar.
Hojanepes mundan soň hem suw ugrundaky göreşini bes etmeýär. Ol ýurda näbelet ruslara ýakyndan kömek berip durýar, kyn ýagdaýdan çykalga tapmakda olara ýardamçy bolýar...
Hydyr Derýaýew uzak ýyllaryň dowamyndaky irginsiz zähmetiniň netijesi bolan «Ykbal» romany bilen proza žanrynda kämil eserleri döretmäge ukyplylygyny subut etdi, gahrymanlaryň obrazlaryny döretmekde ussatlyga ýetişendigini birkemsiz görkezdi.
H.Derýaýew Daşkentde ýaşan ýyllary özbek we rus dillerini gowy öwrenip, doganlyk halklaryň klassyklarynyň eserlerini ürç edip okaýar. Özbek ýazyjysy Abdylla Kadyrynyň «Geçen günler», «Mährapdan çykan içýan» romanlary geljekki ýazyja uly täsir edýär, döredijilige, aýratynam prozada özüni synap görmäge güýçli isleg döredýär. Şondan soňra onda türkmen halkynyň durmuşyndan şu zeýilli uly göwrümli eser ýazmak barada pikir döreýär.
Hydyr Derýaýew bu romanyň birinji kitabyny 1937-nji ýylda ýazyp, «Ganly penjeden» ady bilen çap etdirýär. Emma ýazyjynyň tussag edilmegi romanyň okyjylar köpçüligine ýetmänkä saklanylmagyna sebäp bolýar.
H.Derýaýew aklanylyp, Aşgabada gaýdyp gelensoň romanyň täzeden işlenen nusgasyny «Ykbal» ady bilen neşirýata tabşyrýar. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa, ýazyjy onuň ikinji, üçünji, dördünji kitaplaryny döredýär. Ýazyjy romany 1972-nji ýylda tamamlaýar.
Ýazyjy «Ykbal» romanynda öz gahrymanlarynyň gylyk-häsiýetlerinde, aňynda bolup geçýän özgerişlikleri yzygiderli yzarlamaga aýratyn üns berýär.
«Ykbal» romanyndaky ähli wakalaryň sakasynda aýal-gyzlar meselesi dur. Eserde boýdan-başa türkmen aýal-gyzlarynyň geçmişde jebir-jepaly, hasratly ykballary öz beýanyny tapypdyr. Olaryň jemgyýetde neneňsii agyr günlere sezewar edilendikleri ynandyryjy, täsirli waka ýordumy arkaly açylyp görkezilipdir. Aýal-gyzlaryň ajy ykballary baradaky meseläniň töwereginde jemgyýetdäki çaknyşyklary, gapma-garşylyklary häsiýetlendirmegi ýazyjy öz öňünde maksat edip goýupdyr.
Romanyň birinji kitabynda teswirlenýän wakalarda başda çylşyrymly, dartgynly pursatlar ýüze çykmanka XX asyryň baýlaryndaky adaty türkmen obasyndaky durmuş dowam edýär. Halkyň milli däp-dessurlary, jemgyýetde adalata bolan garaýyşlar dogrusynda anyk wakalar, tipiki obrazlar arkaly giňden gürrüň berilýär. Ýazyjynyň eserde öňde goýýan anyk maksatlaryny ýüze çykarmaga ýardam etjek esasy gahrymanlaryň häsiýetleri wakalaryň jümmüşinde ösüp başlaýar.
Eseriň başyndan başlap sada türkmen ýaşulusy Myrat aganyň, onuň gyzy Uzugyň, Orazsoltan ejedir çopan ýigit Berdiniň obrazlary okyjynyň gözüne kaklyşýar. Myrat aga bilen Berdi çopançylyk edýärler. Uzuk bolsa adaty türkmen gyzyna mahsus bolan el işlerini ýerine ýetirýär, haly dokaýar. Myrat aga bilen Orazsoltan ejäniň obrazynda agyr durmuş şertlerinde maşgalanyň keşigini çekip, öz perzentleri barada aladalanýan sada türkmen adamlarynyň keşplerini görmek bolýar.
Uzuk bilen Berdi biri-birlerini halaýarlar, bular öz öňlerinde durmuşyň taýynlap goýan çylşyrymly synaglarynyň bardygy hakynda pikirem edenoklar. Gursaklary ýaşlyk hyjuwlaryndan püre-pürlenip duran ýaşlar durmuşyň hakyky keşbinde adalatsyzlygyň, zulum-sütemiň hem bardygyna akyl ýetirip bilenoklar.
Wakalaryň ösmegi bilen eseriň çylşyrymly sahypalary gelip ýetýär. Öz töwereklerinde gaty tanymal adam bolan Bekmyrat baý özüniň aýally doganyny ikinji gezek öýlendirmegiň, oňa-da Myrat aganyň ýaňy göze görnüp ugran gyzy Uzugy alyp bermegiň kül-külüne düşýär. Ol özi ýaly baýlara baryp bilmän, baýlygyň, puluň gurbany edip bolaýar ýaly ýeri gözleýär. Myrat aga ýaly garybyň gyzyny bolsa, güýç bilen alyp bolar diýen pikirine baý çyny bilen ynanýar.
Ýazyjy eserdäki çylşyrymly ýagdaýlary janly suratlandyrmak bilen öz gahrymanlarynyň ruhy tolgunmalaryny, içki dünýälerinde bolup geçýän harasady juda beletlik bilen açyp görkezýär. Ähli meseläni pul, mal bilen çözüp bolar diýip hasaplaýan Bekmyrat baýlaryň toparynyň hakyky manysyndaky ganhorluk keşbi eserde has aýdyň ýüze çykýar.
Eseriň baş gahrymanlary Uzuk bilen Berdi romanyň başyndan ahyryna çenli yzygider pajygaly wakalaryň, kynçylyklaryň içinden geçip, esasy obrazlar hökmünde hereket etseler-de olaryň hereketlerinde ilkibada gowuşgynsyzlyk, ýagdaýa real baha berip bilmezlik duş gelýär. Munuň hut şeýle bolandygyna düşünmek kyn däldir. Sebäbi başda ugruny ýitiren gahrymanlar durmuşyň elhenç synaglaryna entek taýyn däl. Olar kem-kemden taplanyp, eseriň ahyrlaryna çenli kemsiz ýetişen, öz ykballary üçin göreşmäge werziş bolan gahrymanlara öwrülýärler.
Ýazyjy Berdi bilen Uzugyň öz ykballarynyň eýesi bolmaklaryna päsgel berýän real sebäpleri eserde ilki-düwme edip, yzarlamagy başarypdyr.
Romanyň jemleýji dördünji kitabynda Uzukdyr Berdiniň uzak ýyllaryň içinde kemal tapan söýgüsiniň kem-kem sowaşyp gitmegi bilen okyjynyň ylalaşasy gelmeýär. Uzaklardan gözbaş alyp gaýdan söýgi şaýolunyň logika sygmaýan şeýle soňlanmasy wakalaryň ösüşindäki jemlenmäniň tebigy bolmagyna zyýan ýetiripdir.
Ýazyjynyň bu eden işi dogrudanam jedelli bolup durýar. Romanyň esasy personažlarynyň durmuşynda, geljekki ykballarynda düýpli öwrülişik bolan bu hadysa olaryň ruhy dünýälerinde, psihologiýasynda, durmuş ýollarynda ýüze çykýan özgerişler, öwrümler arkaly ýeterlik derejede delillendirilmän galýar.
Romanda ýazyjy ýaramaz gylyk-häsiýetli obrazlara ýeterlik derejede üns berip, olaryň içki dünýäsiniň göýdükligini çyny bilen ýazgarýar. Bekmyrat baýyň mekir obrazy, Suhan gatynyň husytlygy, ruhany wekilleriniň hereketleri, arçynlaryň, diwallaryň „para üçin elin aça başlamagy― täsirli beýan edilipdir. Ýazyjy olaryň ruhy dünýälerine aralaşmaga giň mümkinçilik berýän wakallary, pursatlary, detallary örän eserdeňlik bilen yzarlamagyň hötdesinden gelipdir. Eserde epizodlarda çykyş edýän gahrymanlar hem bar. Olaryň şowly çykanlary, düýpli işlenenleri Orazsoltanyň, Ogulnyýazyň, Myrat aga bilen Annageldi ussanyň, Hudaýberdi aganyň obrazlarydyr. Ýazyjy bu obrazlary çuňňur üns merkezinde saklamak bilen sada adamlaryň ruhy keşbine wakalaryň ösmegi bilen içgin aralaşmagy maksat edinipdir. Olaryň aňynda, düşünjelerinde ýüze çykýan özgerişlikleri umumy mazmunyň fonunda teswirläpdir.
Romanda çylşyrymly tragiki pursatlara giň orun berilýär. Hudaýberdi aganyň ýetim galan çagalarynyň täleýi, Annageldi ussanyň agyr ýagdaýa düsen pursatlary hakda gürrüň berýän wakalary okan okyjynyň ini tikenekleýär, gahrymanlaryň agyr hallaryna nebsi agyrýar. Şularyň ählisini bir ýüpe düzüp görkezmek bilen ýazyjy adalatsyz durmuşyň hakyky keşbini aýyl-saýyl edip açyp görkezýär.
Ýazyjynyň häsiýet açmak meselesinde käte irki ýyllaryň türkmen prozasynda duş gelýän primitiw baha bermekligiň duş gelýändigini bellemek gerek. Ýazyjy romanyň gahrymanlarynyň häsiýetleri açylyp görkezilende olaryň häsiýetini hereketde açyp bermän, gönümel beýan etmek tärini ulanyp, öz berýän bahasy bilen ýüze çykarmaga synanyşypdyr.
Şol ýyllarda döredilen epik eserlere mahsus bolan umumy bir kemçilik „Ykbal― romanyndanam sowlup geçmändir. Sowet döwründe baý adamlary, ruhany wekillerini diňe erbet gylyk-häsiýetli adamlar edip görkezmeklik edebiýatdaky esasy ýörelgeleriň biridi. Şeýle galyp bu esere-de öz täsirini ýetiripdir.
Umuman alnanda H.Derýaýewiň «Ykbal» romany okyjylarda adamkärçilik, watançylyk, päk söýgini belent tutmak ýaly häsiýetleri terbiýelemäge ukyply eserleriň biri hökmünde türkmen prozasynda uly ähmiýete eýedir.
Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolan bu roman rus, özbek, eston, ukrain dillerine terjime edildi.
H.Derýaýew dürli ýyllarda «Ykbal», «Mähri», «Hojanepes» ýaly drama eserlerini, «Epgek», «Mukaddes ojak», «Ýaşlyk uçguny», «Harasat» ýaly poeziýa we proza eserlerini döretdi.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy H. Derýaýewiň döreden eserleri türkmen edebiýatyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin