T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


«Aýgytly ädim» romanynyň obrazlar ulgamy



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə7/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   47
XX asyr turkmen (3)

«Aýgytly ädim» romanynyň obrazlar ulgamy. Eseriň esasy gahrymanlarynyň biri Artyk Babaly garyp daýhanlaryň wekili. Onuň kakasy baýyň goýunlarynyň yzynda çölde heläk bolýar. Artygyň ejesi, uýasy bar. Artyk kyn ýagdaýy ýeňip geçmek, güzeran dolandyrmak, garyp maşgalany hor-homsy etmezlik üçin gije-gündiz başyndan gum sowrup işleýär. Şeýlede bolsa onuňky ugruna däl. Surnukdyryjy agyr zähmet, kynçylykly durmuş şertleri Artygy esli taplaýar, onydürli synaglara çydamly edýär. Arassa ýürekli, pes pälli Artykda ençeme gowy häsiýetiň başlangyçlary döräp, ol barha kämilleşip ugraýar.
Artyk kynçylykly hem azaply agyr durmuşyndan zeýrenmek, nägilelik bildirmek bilen çäklenmän, ýeri gelende, galplygyň, adalatsyzlygyň garşysyna gönüden-göni çykyş etmegi başarýar, öz pozisiýasynda berk durýar.
Aýratynam Artygyň obada özüniň galp hereketleri, pespälligi bilen ýakasyny tanadan Halnazar baý bilen mäşi bişişmeýär. Gazy-haşar işinde mirap Halnazar baý galplyk edýär. Garyp, garawsyz adamlara gezek ge1ende onuň hadasy uzaýar, barly, agyzly adamlara nobat ýetende gysgalýar. Emma Artyk Halnazar baýy galplygyň üstünde tutýar.
Oba adamlarynyň çykgynsyz durmuş-güzeran ýagdaýlaryna Artyk biperwaý seredip bilmeýär. Bu döwürde Birinji jahan urşy tutaşyp ýördi. Şunuň netijesinde-de ak patyşanyň halkdan alýan salgytlary-da gitdigiçe köpelýär. At salgydy, telpek salgydy, barha köpelýän pul salgydy halky aljyradyp başlaýar, çykgynsyz ýagdaýa goýýar. Ine, şeýle kynçylykly durmuş şertleri jemgyýetdäki garşylyklary ýitileşdirip, uly adalatsyzlyklaryň döremegine, halkyň sabyr käsesiniň püre-pürlenmegine getirýär.
Ýekeje alaşasynyň salgyda alynmagy Artygyň deňsizlige, adalatsyzlyga bolan gahar-gazabyny joşdurýar. Baryp ýatan adalatsyzlygy bütin durky bilen çekip ýören Artyk hökümetiň emeldarlaryň ýanynda nägileligini açykdan-açyk aýtmakdan çekinmeýär, gahar-gazabyny saklap bilmeýär.
Bütin ýyl boýy başyndan gum sowrup azap çekse-de Artygyň öz ýerinden öndüren gallasy bergisine-de ýetmeýär.
Halnazar baý tarapyndan özüniň garşysyna gurlan iki sany duzak Artygy bütinleý sarsdyrýar. Halnazar baýyň hileli ýollar tapyp, Artygy päleçilige ýazdyrmagy, şeýle hem onuň Artygyň söýgülisi Aýnany öz telpegi agan ogly Balla alyp bermek üçin, toýuň sähedini bellemegi Artygy gazap atyna atlandyrýar.
Näme etjegini bilmän başyny çaşyran Artyk dosty Aşyryň kömegi bilen Aýnany alyp gaçmagy makul hasaplaýar. Durmuş tejribesiniň kemterligi zerarly Artygyň bu hereketi şowsuz tamamlanýar. Aýna Halnazar baýyň adamlary tarapyndan ele salynýar.
Ine, şu ýerde-de ýazyjy täze bir gahrymany – Eziz hany orta çykarýar. Ol patyşa hökümetinden, ýurtda dowam edýän adalatsyzlyklardan nägile adamlary töweregine toplaýar. Eziz hanyň adamlary bilen ak patyşanyň üstüne çozjakdygy hakda habar Artygyň obasyna ýetýär. Bu habar dürli sütemler, adalatsyzlyklar zerarly görgi görüp ýören daýhanlara uly täsir edýär. Göz-görtele adalatsyzlyklar zerarly ýüregi ýanyp ýören Artyk hem Eziz hanyň toparyna goşulýar. Eziz han Artygy öz obasyndan gelen adamlara ýolbaşçy edip belleýär.
Söweş taktikasynyň gowşaklygy, ýaraglanyşygyň pesligi zerarly Eziz hanyň ýolbaşçylygyndaky Tejen gozgalaňy netijesiz tamamlanýar. Ugruny ýitiren Eziz han Owganystana gitmäge mejbur bolýar. Artyk obasyna gelip, Aýnany ýene-de alyp gaçýar. Olar ele düşýärler. Artygy tussag edip, Aşgabat türmesine ugradýarlar. Artyk şeýle ýagdaýa düşse-de, ruhdan düşmeýär, hiç hili ejizlik etmeýär.
Artygyň keşbinde mert, öz adamçylyk mertebesine sarpa goýmagy başarýan, ar-namysly ýigidiň sypatlary aýdyňlaşyp ugraýar. Aşgabat türmesinde tussaglyk döwründe Artyk has-da taplanyp, durmuşa täzeçe garap ugraýar. Ol dost-duşmanlaryny has gowy saýgarýar. Täze adamlar bilen dostlaşýar.
Artyk başda syýasy tarapdan doly baş çykaryp bilmän kösenýär. Ol ilki bolşewikleriň tarapynda bolsa-da, olardan soň göwni suw içmän, Eziz hanyň tarapyna geçýär. Bu ýerde, elbetde, Gully han ýaly sowetleriň arasyna sümlüp giren päliýamanlaryň täsiri uly bolýar. Bolşewikleriň hataryndaky öňki dostlaryna garşy ok atýar, hatda dosty Aşyryň ýaralanmagyna-da sebäp bolýar. Soňundan Artygyň Eziz han bilen oňuşman, sowetleriň tarapyna doly geçýär. Sundan soň Artygyň bolşewiklere wepalylygy, rewolýusiýanyň, partiýanyň işine berlendigi aşa mahabatlandyrylyp, ide-allaşdyrylyp görkezilýär. Elbetde, bu ýagdaý döwrüň ideologiýasyna laýyklykda ýazyjynyň eseri aşa syýasatlaşdyrmasynyň netijesi. Elbetde, roman ýazylan döwründe Artygyň obrazyny başgaça çözmek mümkin hem däl.
Her niçigem bolsa özüniň milli häsiýetleri bilen edebiýatda mynasyp orun alan Artygyň obrazynyň gymmaty, öwredijilik ähmiýeti az däl. Artygyň obrazynda iki sosial güýjüň arasynda ikirjiňlenýän türkmen daýhanynyň janly keşbi ynandyryjy suratlandyrylypdyr. Artygyň obrazynda türkmen ýigitlerine mahsus bolan ençeme ajaýyp sypatlar jemlenipdir. Ol päk ýürekli, dogruçyl, dostuna wepaly, hak iş üçin, adalat üçin göreşmäge elmydama taýýar, biçak hyjuwly gahryman. Artygyň şu häsiýetleri model obraz hökmünde ýazyjynyň beýleki eserlerindäki esasy gahrymanlara-da öz täsirini ýetiripdir.
Romanda aýal-gyzlaryň hakyky milli häsiýetli, ýatda galyjy, özüne imrikdiriji çeper obrazlary döredildi. Olaryň arasynda ajayyp gylyk-häsiýetleri ýokary çeperçilikde şöhlelendirilýän Aýnanyň obrazy has şowly çykypdyr. Aýnanyň obrazynyň sowet döwrüniň edebiýatynda döredilen iň şowly zenan obrazlarynyň biridigini edebiýaty öwreniş ylmy doly tassyklapdy.
Aýnanyň obrazynda zenanyň içki hem daşky gözelligini tebigy ýagdaýda utgaşdyrmagy ýazyjynyň ussatlygynyň belent derejesidir. Aýna edep-ekramly, salykatly, uly adamkärçilikli, akylly, mähirli, buýsançly zenan. Şonuň bilen birlikde ol görmegeý, syratly, berk bedenli, sagdyn synaly, ajaýyp keşpli gyz. Bu iki ugruň bir zenanyň keşbinde berilmegi bolsa, obrazyň ýokary kämilligini görkezip, ony okyja has ýakynlaşdyrýar.
Ýazyjy Aýnanyň her bir hereketini juda içginlik bilen yzarlap, onuň hemme tarapdan bir kemsiz obraz bolmagy barada çynlakaý alada edipdir. Onuň gyz näzikligini, gözelligini, iş edende eliniň çeperligini teswirlemäni aňryýany bilen görkezmäge çalşypdyr. Aýnayň her bir eden işini uly ussatlyk, ezberlik bilen ýerine ýetirişini, çalasyn hereketlerini juda täsirli obrazlylyk bilen bermegi başarypdyr.
Aýnada aýgytlylyk, paýhasly netijä gelmeklik, ýagdaýa görä hereket etmeklik, özüni nähili alyp barmaklyk meselelerine dogry garaýşyň kemala gelmegi juda göwnemakul açylyp görkezilýär. Ol Artygy çyn ýürekden söýýär. Aýnanyň söýgüsinde türkmen gyzlarynyň ejaplylygy, haýasy, göwün beren ýigidine soňky demine çenli wepalylygy uly orun alypdyr. Öweý enesiniň pula gyzyp, özüne satyp goýberjegini duýan Aýna onuň bilen ilki ylalaşyp hereket etmäge çalyşýar. Emma netije çykmaýar. Şu pursatdan soň Aýna öz ykbaly, söýgüsi barada çynlakaý göreşmek ýoluny saýlaýar. Artyga «Ölsem -ýeriňki, ölmesem -seniňki» diýip, beren sözünde berk durýar. Basga hiç hili çykalga galmansoň, Artyk bilen gaçmaga-da töwekgelçilik edýär. Aýnanyň söýgä wepadarlyk, mertlik, çydamlylyk ýaly häsiýetleri hut şu pursatdan başlap täsirli ýüze çykyp başlaýar.
Ýagdaýlaryň çylşyrymlaşmagy, Artygyň türmä iberilmegi Aýna üçin täze synaglary taýýarlaýar. Ol ýene-de eneliginiň sansyz teýeneli sözlerini eşidip ýaşamaly bolýar. Her niçigem bolsa, Aýna kynçylyklaryň öňünde mertlik bilen başyny alyp çykmagy başarýar. Onuň Artyga bolan söýgüsi, guwanjy, mertlik, maksada okgunlylyk häsiýetleri kämil derejä ýetýär. Gerek ýerinde eneliginiň ýüzüne gelip, oňa gaýtawul bermegi-de başarýar. Özüniň ar-namysyny, mertebesini saklap, Artyga garaşýar, onuň ady bilen ýaşaýar.
Okyjynyň ýüregine ýakyn bolup, ony tolgundyrýan zatlaryň bbiri-de Aýnanyň gerek ýerinde erkek kişiniň ornunda durup, mertebesini gorap bilmäge bolan başarnygydyr. Artyk türmede wagty erbet niýetli, betpäl adamlar tarapyndan maşgalanyň üstüne uly howp abananda, Aýna gahrymanlarça hereket edip, eline ýarag alyp, maşgala namysyny goraýar. Aýna özüniň ajaýyp häsiýetleri, öz ykbaly ugrundaky tutanýerli göreşleri bilen okyjylaryň söýgüsini gazanýar.
Eziz hanyň obrazy döretmek bilen Berdi Kerbabaýew juda kynçylykly ýagdaýlara duçar bolýar. Romanyň ilkinji wersiýasynda ýazyjy belet materiallarynyň esasynda öz görşüçe, özüniň göz öňüne getirişiçe işläp, Eziz hanyň obrazyny bolşy ýaly obýektiw bahalandyrypdyr. Emma meseläniň şeýle çözülmegi, Eziz hanyň keşbiniň belli bir derejede halka ýakyn edilip görkezilmegi şol döwrüň syýasatyna gabat gelmänsoň, ýazyjy tankyt astyna alynýar. Ençeme wagt Eziz hanyň mürzesi bolup işlän B. Kerbabaýew onuň hakyky keşbini ýoýulan görnüşde suratlandyrmaga mejbur edilýär.
Eziz hanyň obrazynyň ilkinji nusgasynyň partiýanyň syýasy ülňülerine laýyk gelmeýändigi üçin, B.Kerbabaýew ençeme gezek Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň býurosynda jogap bermeli bolýar. Hanlaryň, begleriň, baýlaryň pozisiýasy hökmany suratda halkyň garşysyna bolmalydy, olar halkyň duşmanlary hasaplanmalydy. Şoňa laýyklykda-da romanyň ilkinji neşiri gadagan edilip, il içinden ýignalýar. B.Kerbabaýew romanyň ilkinji nusgasynda Eziz hany hiç döwlete bakna bolmadyk özbaşdak türkmen döwletini, hanlygyny döretmek ugrunda göreşýän adam edip görkezmegi partiýa ýolbaşçylarynyň biçak gaharyny getirýär. Şonuň üçin obrazyň üstünde täzeden partiýanyň talaplaryna laýyklykda işlemegi ýazyjydan berk talap edýärler. Şondan soň bu galyp soňky döredilen şu taryhy-rewolýusion temadaky eserleriniň ählisi üçin esasy şerte öwrülýär.
B.Kerbabaýew romanynyň gurluşynyň gaty berk, jebis ýagdaýda bolmagy üçin uly alada edipdir. Onda artykmaç, eseriň baş ideýasyndan çetde galýan wakalar ýok. Eserde gürrüň berilýän wakalaryň biri beýlekisiniň içinde döreýär. Olar biri-biri bilen ykjam organiki halda baglanyşdyrylypdyr.
B.Kerbabaýew eserde suratlandyrýan ähli zatlaryny, wakasyny, hadysasyny, iň kiçijik alamatlary bilen okyjynyň göz öňüne geler ýaly şekillendirýär. Ýazyjynyň şu meselede mekdeplik derejesine ýeten ussatlygy bar. Aşakdaky mysala üns berseň, ýazyjynyň suratlandyryş tärinde şahyrana obrazlylygyň täsin teswiri aklyňy haýran edýär: «Gyzyň iki göwsüniň üstünden sallanýan uzyn gara saçlar, alaşanyň dyzamagyna garaman, Artygyň aýaklaryna duşak bolup çolaşana döndi. Onuň ak ýüzünde balkyldaýan gara gözleri Artygyň göwnüne bolmasa, parlap duran bagt ýyldyzy ýaly duýuldy. Onuň şaýly börügine, gyzyl gupbasyna ýaňy ýerden saýlanan Günüň şöhlesi düşüp, suw ýüzünde, ýap ýakalarynda ýylançyr ýaly ýylpyldy oýnatdy...»
B.Kerbabaýew çeper portret döretmekde hem türkmen prozasynda uly mertebä mynasypdyr. Romandaky her bir gahrymanyň portretine üns bereniňde olaryň her biri babatynda ýazyjynyň çynlakaý alada edendigini aňlamak kyn däl. Ýazyjy portretden uly çeperçilik serişdesi hökmünde peýdalanýar. Her bir gahrymanyň portretini döretmek bilen onuň gahrymanlaryň özboluşlylygyny, ruhy ahwalatyny, içki dünýäsiniň gapma-garşylyklaryny açyp görkezmäge, ýazyjynyň öňde goýan ideýalaryny ýüze çykarmaga doly derejede hyzmat edip biliş ukybyny döremegi maksat edinýär.
«Aýgytly ädim» romanynda ýazyjy gahrymanlarynyň dil aýratynlygyna uly üns berip, olaryň indiwiduallyk derejesini gowy kesgitläpdir. Eserdäki her gahrymanyň häsiýetine, sosial ýagdaýyna, kärine görä dil aýratynlygy berilmegi eseriň gahrymanlar ulgamynyň kämil hem özboluşly bolmagyna ýardam edipdir.
Roman esasynda döredilen «Aýgytly ädim» filmi türkmen kino sungatyna uly abraý getirdi. Alty Garlyýew, Baba Annanow, Muhammet Çerkezow, Artyk Jallyýew, Nury Halmämmedow ýaly sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda kemal tapan bu film örän şowly bolup çykdy. Ol dünýäniň köp ýurdunda tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dürli baýraklara mynasyp boldy.
Ýazyjynyň geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda neşir edilen «Suw damjasy -altyn dänesi» romanyna (1973) «Aýgytly ädim» romanynyň baş gahrymanlary gatnaşyp, eserde Garagum kanalynyň ägirt uly gurluşygy, onda işleýän adamlaryň dostlukly gatnaşyklary barada gyzykly söhbet açylýar.
B.Kerbabaýewiň türkmen nebitçileriniň durmuşyndan gürrüň berýän «Nebitdag» romanyny hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Ýazyjy «Nebitdag» romanyny döretmezinden ozal şu temadan «Syrly depe» diýen poemasyny ýazypdy. Ol üç ýyl töwereri Nebitdagda ýaşap, nebitçi işçiler, inzenerler we beýleki adamlar bilen Goturdepe, Wyşka, Barsagelmez, Gumdag ýaly nebit ýataklary bilen ymykly tanyşdy. Ol «gara altyn» çykarýan edermen işçiler – özüniň geljekki gahrymanlary bilen içgin tanşyp, olar bilen bir howadan dem alyp, bir okaradan tagam iýip, goşgular, oçerkler ýazýardy. Ol «Buraw kontorynda» (1952), «Buraw nosas» (1955) oçerklerini, «Nebitçi» (1953), «Gara altyn» (1953), «Bahar wyşka barýar» (1954) ýaly ençeme goşgularyny döredipdi.
«Nebitdag» romanynyň iň bir häsiýetli aýratynlyklarynyň biri - onda milletleriň doganlyk-dostlugynyň, beýik güýjüniň göwnejaý we real görkezilmegidir. Eseriň esasy gahrymanlary türkmenler, ruslar, azerbaýjanlar, ermeniler... bir maksat ugrunda – ýurda «gara altyny» köp bermek ugrunda el-ele berip, agzybir zähmet çekýärler.
B.Kerbabaýewiň «Gaýgysyz Atabaý» atly romany belli rewolýusioner, döwlet we partiýa işgäri G.Atabaýewiň ömür ýolunyň çeper ýazgysydyr. Bu taryhy romany ýazmagy awtor irden bäri hyýalynda besleýärdi we oňa degişli materiallary dürli ojaklardan—institutlardan, muzeýlerden, arhiwlerden ýygnaýardy. Ol Gaýgysyz Atabaýewi gören we ol hakda eşiden adamlar bilen gürrüňdeş bolýardy.
Ýazyjy ýigriminji, otuzyijy ýyllarda Türkmenistanyň ösmegi üçin edilen ajaýyp işlerde Gaýgysyz Atabaýewiň önjeýli goşandyny ýazyp görkezende öz fantaziýasyny goşan bolsa-da, real faktlardan birjik-de daşlaşmaýar. Şonuň bilen birlikde, ol eser okyjyny barha çylşyrymly meseleleriň arasyna äkidýär. Şol işleriň arasynda esasy figura bolsa Gaýgysyz Atabaýew.
Uruşdan soň parahatçylykly zähmet, täze uruş wehimine garşy göreş, hojalyk işleri türkmen prozasynda köp işlenen temalaryň biri boldy. Parahatçylyk ugrunda halklaryn alyp barin göreşi we zähmeti ýazyjynyň «Aýsoltan» powestinde beýan edildi.
Berdi Kerbabaýew türkmen halkynyň geçmiş edebi mirasyna uly sarpa goýupdyr. Ony ýygnamak, halka ýetirmek ugrunda aladalanypdyr.
B.Kerbabaýewiň edebi garaýyşynda iki sany uly çeper dünýä açylýar. Olaryň biri köne türkmen edebiýaty we taryhy bolsa, ikinjisi öz döwrüniň real edebiýatydyr.
B.Kerbabaýew birinji gezek beýik Magtymgulynyň eserlerini 1926-njy ýylda çapa taýýarlap, okyjylara ýetïrýär. Dogry, bu ýygyndy düýpli kemçiliklerden halas däldi.
Ýazyjy Kemine, Mollanepes, Garajaoglan hakynda-da öz garaýyşlaryny beýan edipdi. Ýetmişinji ýyllarda görnükli satirik şahyr Mämmetweli Kemmäniň 200 ýyllyk ýubileýi geçirildi. Şonda B.Kerbabaýew «Literaturnaýa gazetada» makala bilen çykyş etdi.
B.Kerbabaýewiň edebi mirasymyza degişli toplan maglumatlarynyň arasynda «Myraly bilen Soltansöýün» baradaky hekaýalar ýygyndysy aýratyn orun tutýar.
B.Kerbabaýew ýaşlaryň hem çagalaryň durmuşyndan ençeme eserler döretdi. Ýazyjynyň çagalar üçin döreden onlarça goşgulary, «Batyr», «Yhlasa -myrat», «Çekişmän -bekişmez» ýaly proza eserleri, halk döredijiligi esasynda döreden «Jonnuk batyr», «Kyrk ýalan», «Japbaklar» ýaly eserleri türkmen çagalar edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin