T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Otuzynjy ýyllaryň edebiýaty (1930-1941)



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə4/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Otuzynjy ýyllaryň edebiýaty (1930-1941). Bu döwürde Türkmenistanda ösup gelýän milli realistik prozany mundan beýlek-de janlandyrmak üçiň iň gowy eserleriň bäsleşigi yglan edildi.
1930-njy ýylyň mart aýynyn ahyrynda rus ýazyjylarynyň toparynyň Türkmenistana gelmegi türkmen ýazyjylarynyň döredijiligine hem oňaýly täsir etdi. Olar bilen halkyň arasynda bile ýören B.Kerbabaýew «Hakykat» atly oçerkler kitabyny, Ş.Kekilow Gyzylarbat wagon-remont zawodynyň işçilerine bagyşlap goşgular ýazdylar.
Moskwaly ýazyjylaryň ikinji zarpçy topary 1934-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistana geldi. Rus ýazyjylaryna milli ýazyjylar bilen birlikde oba-şäherlere gidip, türkmen ýazyjylarynyň I gurultaýyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk işleri boýunça kömek etmeklik tabşyrylýar.
1934-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistan ýazyjylarynyň I gurultaýy dabaraly ýagdaýda açylýar. Gurultaýda dine bir okamaklyk we öwrenmek däl-de, rus we dünýä klassyklarynyň iň osat eserlerini terjime etmek meselesi hem öňe sürülýär.
Türkmen ýazyjylarynyň I gurultaýynda Ýazyjylar birleşigi döredilýär. Onuň başlyklygyna bolsa H.Çaryýew saýlanýar. Ýazyjylar birleşiginiň wezilelerini kesgitleýän karar kabul edilýär, kararyň ýörite bir bölüminde proza, drama, kino eserleriniň, çagalar edebiýatynyň, edebiýat okuwynyň ideýa-çeperçilik derejesiniň gowulandyrylmagynyň zerurlygy aýratyn bellenip geçilýär.
Ýazyjylar birleşigi edebi eserlerde kolhoz daýhanlarynyň we işçileriň durmuşyny her taraplaýyn şöhlelendirmek işi boýunça ençeme çäreler geçirýär. 1937-yji ýylda türkmen ýazyjy-şahyrlaryndan A.Nyýazow we Ş.Kekilow kolhoz adamlarynyň durmuşyndan N.Saryhanow we R.Alyýew Gyzyl Goşuna bagyşlap, A.Gowşudow we H.Çaryýew raýatlyk urşunyň wakalary hakda, K.Işanow basmaçylara garşy alnyp barlan göreş dogrusynda, A.Durdyýew bolsa ýer-suw reformasy barada eser döretmekligi wezipe edinýärler. Şunuň netijesinde A.Durdyýewiň «Meret» atly powesti, A. Gowşudowyň «Juma» pýeasy ýazylýar. Emma ýazyjylarymyzyň käbirine öz öňlerinde goýan wezipeleriniň hötdesinden gelmek miýesser bolmaýar. Ýazyjylardan O.Täçnazarow, H.Çaryýew, B.Kerbabaýew, Ş.Kekilow, A.Nyýazow, H.Derýaýew, R.Alyýew, G.Burunow şahsyýet kulty zerarly tussag edilýär. Olardan birnäçesi heläk bolýar.
1937-nji ýylda rus şahyry A.S.Puşkiniň aradan çykmagynyň 100 ýyllygy giňden bellenmegi bilen baglylykda türkmen şahyrlary onuň eserlerini terjime etmäge girişýär.
«Sowet edebiýaty» žurnalynyň sahypalarynda M.Ý.Lermontowyň, N.A.Nekrasowyň, L.N.Tolstoýyň, Nyzamynyň, Mirza Фataly Ahundowyň, Şekspiriň, Serwantesiň, Kosta Hetagurowyň we dunýä halklarynyň beýleki görnükli ýazyjydyr şahyrlarynyň eserlerinden edilen terjimeler yzly-yzyna peýda bolýar.
M.Gorkiniň, W.Maýakowskiniň, Jambylyň, Suleýman Stalskiniň we başgalaryň eserleri türkmen diline geçirilýär.
Edebi mirasymyzy aýap saklamak, türkmen klassyk şahyrlarynyň eserlerine obýektiw baha bermek meselesi hem bu ýyllarda türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň esasy meselesine öwrüldi. Magtymguly, Kemine, Mollanepes we Zelili barada ençeme makalalar ýazylýar.
Otuzynjy ýyllaryň başyňda edebiýatyň has giň ýaýran zaýarlarynyň biri çeper oçerk bolupdy.
Türkmen edebiýatyndaa oçerk zaýarynyň tiz ösup başlaýalygynyň mysaly B.Kerbabaýewiň «Hakykat» (1931) atly ýygyndysy boldy.
B.Kerbabaýewiň şol oçerkleri Lebap etraplarynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berýär.
«Hakykat» atly oçerkler ýygyndysyna giren eserleriň türkmen edebiýatynyň ilkinji ynamly ädimleri bolandygyny aýtmak bolar.
30-njy ýyllaryň ortalaryna çenli K.Işanow, A.Gowşudow, B.Soltanniýazow, N. Saryhanow, A. Nyýazow, D. Haldurdy we beýleki ýazyjylar oçerkler bilen ýygy-ýygydan çykyş edip ugradylar.
Eýýäm 1933-nji ýylda ýazyjylarynyň I gurultaýyna bagyşlanylyp çykarylan «Zarp» ýygyndysyna N.Saryhanowyň, K.Işanowyň, A.Durdyýewiň we beýlekileriň goşun durmuşyny suratlandyrmaga bagyşlanan hekaýalary we oçerkleri giripdi.
Türkmen realistik prozasynyň ösmegiňde rus awtorlarynyň proza eserlerini terjime edip ýaýratmaklyk hem uly täsirini ýetirdi.
30-njy ýyllaryň birinji ýarymynda ýazylan oçerkdir hekaýalar entek kämil bolmasa-da türkmen edebiýatynda täze döreýän proza zaýaryny ösdürmekde önjeýli ädimdir.
N.Saryhanowyň «Gyrnak» powesti temasy, çeperçiligi boýunça-da ýazyjylarymyzyň türkmen aýal-gyzlarynyň ykbaly barasynda döreden gowy eserleriniň hatarynda durýar. Bu powest N.Saryhanowyň döredijilik ýolunyň ösuş basgançaklarynyň ähmiýetlileriniň biri boldy.
N.Saryhanowyň zehini Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagynyň edil öň ýanynda ýazylyp gutarylan «Şükür bagşy» powestinde aýratyn güýçli ýüze çykdy. Powestiň baş gahrymany Şükür bagşynyň obrazy, oý-pikirleri şu günler hem okyjyny tolgundyrýar. Eseriň baş ideýasy meseläni parahat çözmegi, uruşdan üstün çykmagy, sungatyň halkylyk gudratynyň görkezilmegi diňe türkmen edebiýaty üçin däl, dünýä edebiýaty üçinem nusgalykdyr.
Şahyr hökmünde tanalyp ýerlen Hydyr Derýaýewiw «Ganly penjeden» atly romany neşir edilen (1937) bolsa-da, awtoryň bigünä tussag edilendigi sebapli halka ýaýramandyr. Romanyň şol nusgasynyň has gowşak bolandygyny bellemek gerek. Eseriň üstünde awtor täzeden işläp «Ykbal» ady bilen çap etdirdi.
Baryp ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda B. Kerbabaýew «Aýgytly ädim» romanyny ýazmak barada pikirlenip ugraýar. Muňa taýýarlyk hökmünde ol «Türkmenistan 1916-njy ýylda» (1929) powestini we «Açlyk» (1930) hekaýasyny döredýär.
Türkmenistanyn edebi durmuşynda romanyň ýazylmagy uly hadysady. Ýöne şol döwrüň syýasaty B.Kerbabaýewi romanyň birnäçe bölümlerini, şol Eziz hanyň obrazyna degişli ýerlerini täzeden işlemäge mejbur edýär. «Aýgytly ädimiň» ikinji we üçünji kitaplaryny B.Kerbabaýew uruş döwründe we ondan soňky ýyllarda ýazdy.
1939-njy ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynda Ata Gowşudowyň «Perman» atly ilkinji romanyndan bölümler neşir edilip ugralýar.
Otuzynjy ýyllarda türkmen prozasy diňe san taýdan däl, eýsem çeperçilik taýdan hem ösdi. Onuň çeper oçerk, nowella, hekaýa, powest ýaly görnüşleri ýüze çykdy. Ilkinji türkmen romanlary «Aýtytly ädimiň» birinji kitaby, «Ykbal» romanynyň «Ganly penjeden» warianty, «Perman» romanlary ýazyldy. Prozanyň satira we ýumor ugry ýüze çykdy. Şunuň bilen birlikde, prozanyň çeperçiliginiň ýokarlanmagy onda döredilen obrazlaryn intellektual taýdan ösuşi bilen alamatlandyryldy.
Munun özi otuzynjy ýyllaryň türkmen prozasynda kämil ýazyjylaryň jan aýaman zähmet çekendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bu döwrüň poeziýasynda täzelenýän oba durmuşy, kolhoz gurluşygy esasy meseleleriň biri bolýar. Ol eserleriň içinde entek çeperçilik jähtden gowşaklary seýrek däl. Guraksy çagyryş şahyrlaryň döredijilik güýjüniň ejizliginden gelip çykýardy.
Bu ýyllarda halk şahyry Ata Salyh kolhoz gurluşygynyn ilkinji ýyllarynda «Elhepus» (1933), «Boljak däl» (1933) ýaly satiriki goşgulary ýazýar.
B.Kerbabaýew türkmen halkynyň suw baradaky arzuw-isleglerini görkezýän «Amyderýa» (1930) poemasyny ýazýar.
Türkmendöwlet neşirýatynda çagalar bölümi döredilýär. Rus hem dünýä edebiýatynyň gowy nusgalaryndan terjime edilen eserler türkmen çagalaryna uly sowgat bolýar. B.Kerbabaýewiň, G.Burunowyň, Ý.Nasyrlynyň, A.Kekilowyň B.Seýtäkowyň... çagalar durmuşyndan ýazan goşgulary, poemalary çagalar edebiýatyny baýlaşdyrdy.
«Kör garga» ertekisiniň esasynda «Çopan we patyşa» poemasyny ýazan A. Kekilow belli sýužete döredijilikli çemeleşildir, ertekini döwrüň talabyna görä özgerdipdir. Halk döredijiliginiň egsilmez hazynasyna ýüzlenen B.Seýtäkowyň «Aýazhan» poemasy hem ýaşlaryň söýgüli eserine öwrüldi.
Türkmen poeziýasy 30-njy ýyllarda edebiýata gelen zehinleriň hasabyna barha baýlaşýar. N.Pomma, B.Seýtäkow, G.Seýitliýew, R.Seýidow dagylar türkmen okyjylarynyň söýgüli şahyrlaryna öwrülýärler.
B.Seýtäkowyň «Çagajyk» (1940) atly goşgusy türkmen edebiýatynda çaga barada ýazylan iň nowy eserleriň hatarynda durýar.
G.Seýitliýewiň «Şahyryn lirasy» atly ilkinji ýygyndysyna giren «Baku gijeleriniň birinde» (1939), «Baýram agşamynda» (1939), «Ýatlama» (1938-39) ýaly şygyrlary şahyryn uly geljeginiň barlýagyna umyt bagladýardy.
R.Seýidowyň otuzynjy ýyllaryň aýaklarynda ýazan söýgi hem peýzaž lirikasy onuň döredijilik ugruny kesgitleýär. Şahyr söýgi barada söz açsa, ynsan duýgusynyň mukaddes perdeleri seslenýär, tebigat gözelligine ýüzlense, jadylaýjy peýzaž janlanýar. R.Seýidowyň peýzaž hem söýgi lirikasy bilen tanşanyňda onuň türkmen klassyky edebiýatynyň nusgalary bilen bir hatarda rus klassyky edebiýatynyň belli eserlerinden irginsiz tälim alýanyna göz ýetirmek kyn däl.
R. Seýidowyň «Ýelpeýär ýeller» ýa-da tebigatyň keşbini çekýän beýleki goşgulary türkmen edebiýatynda sözüň doly manysynda liriki poeziýanyň ýüze çykyp başlanlygynyň şaýadydyr.
R.Seýidowyň «Gelenimde» (1940), «Gaýykda» (1937-40), «Uklanyňda», «Ýapjagaz» (1940), «Baýyr» (1940)... ýaly goşgulary şahyryň uruşdan ozalky döredijiliginde täze sahypalary açýar. Bu eserler şahyry poeziýada lirika ýykhyn edýänligi bilen tapawutlandyryp, onuň döredijiliginiň özboluşly ugruny kesgitleýär.
30-njy ýyllarda türkmen dramaturgiýasy öňki onýyllyga garanda has kämilleşdi. Bu döwürde has kämil, çeperçilik derejesi taýdan ösen drama eserleri döredilip başlandy.
A.Gowşudowyň «Juma» dramasy otuzynjy ýyllaryň edebiýatynda döredilen duýpli eserleriň biri bolup, döwür üçin täze gahrymanlaryň ýatda galyjy obrazlaryny dramaturgiýamyza getirdi.
A.Garlyýewiň «Aýna» dramasynda döwrüň durli ynançly adamlarynyň tipleri ussatlyk bilen seçilip alnypdyr. «Aýna» ýaly dramalar taryhy dramalaryň ugruny özboluşly dowam etdirýär.
Durmuş hakykatyny taryhy ösüşde gorkezmeklik otuzynjy ýyllaryň türkmen dramaturtiýasynyň ýeten sepgididir. Muny A.Gowşudowyň «Juma», A.Garlyýewiň «Aýna», B.Kerbabaýewiň «Göterim», T.Esenowanyň «Şemşat», A.Durdyýewiň «Açar», «Pul», B.Amanow bilen G.Burunowyň. «Keýmir kör» we başga-da birdäçe pýesalarynda aýdyň gerýäris. Bu eserlerde adam gatnaşyklary, obalaryň täze keşbi, zähmetkeş halk köpçuliginiň durmuşy ýatda galyjy obrazlaryň usti bilen berilýär.
T. Esenowanyň «Şemşat» dramasynyň baş gahrymany Şemşat uly sungatyň eýesi. Ol halyçy. Eserde türkmeniň haly sungatynyň belent abraýy esas edilip alnypdyr.
Türkmen teatrynyň döremegi bilen galyberse-de, otuzynjy ýyllarda dramaturgiýanyň türkmen edebiýatynda öz ornuny gutarnykly eýelemagi bilen teatrda milli repertuaryň döredilmegine bolan isleg gün-günden artýar. Bazar Amanow Mollanenesiň meşhur «Zöhre-Tahyr» dessanyny sahnalaşdyrmakda onuň sýužet ýordumyny saklamaga çalşypdyr. Şonun bilen bir wagtyn özünde, dramaturg dessany sahnalaşdyrmaga döredijilikli çemeleşipdir.
Görşümiz yaly, 30-njy ýyllarda türkmen dramaturgiýasy edebiýatymyzyň bu ugruna wepaly wekilleriniň döredijilikli zähmeti netijesinde kämillik ýoluna düşüpdir.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin