T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


XX asyryň ýigriminji we otuzynjy ýyllarynyň edebiýaty



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə3/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   47
XX asyr turkmen (3)

XX asyryň ýigriminji we otuzynjy ýyllarynyň edebiýaty
Ýigriminji ýyllaryň edebiýaty (1917-1929).

Ýigriminji ýyllar türkmen halky üçin düşünilmesi kyn bir döwür bolup taryha girdi. Ençeme asyrlaryň döwletsizliginden, çapawulçylykly çozuşlaryndan, garyplykdan, horlukdan surhugyp başy çaşarly bolan türkmen halky üçin täze bir synagly döwür başlandy. Türkmen milleti çylşyrymly syýasy hem taryhy ýagdaýy başdan geçirmeli boldy. Zamananyň galagoply wakalary dürli tarapdan türkmen milletiniň jemgyýetçilik aňyna zeper ýetirdi. Rewolýusion wakalaryň netijesinde täze syýasy gurluş – sosialistik ulgamly döwlet döredi. Täze gurluşyň ideologiýasy çeper edebiýaty kompartiýanyň esasy wagyz ediji, aň bilim ýaýradyjy syýasy ýaragy hasaplap, onuň özüne doly bakna bolmagy üçin şu ýyllardan güýçli hereket edip başlady.Edebiýatda synpylyk, ýiti syýasy garaýyşlar ýüze çykdy. Edebiýatyň syýasatlaşdyrylmagy bilen çeper edebiýatyň hakyky keşbiniň nähili bolmalydygy baradaky mesele ýatdan çykaryldy. Edebiýat galypa salyndy hem-de bir ideologiýa köre-körlük bilen gulluk etmek tendensiýasy edebiýatyň esasy maksadyna öwrüldi.


Türkmeniň uzak taryhynyň dowamynda ilkinji gezek jemgyýet synplaşdyryldy we edebiýat onuň wepaly gullukçysy bolup hyzmat edip başlady. Syýasat döwrüň edebiýatynyň baş temasyna öwrüldi we synpy garaýyşlaryň hem garşylyklaryň edebi çaknyşygy ýüze çykdy.
Türkmen edebiýatynyň täze zamana laýyklykda kemala gelmeginiň ilkinji ýyllarynda çykyş eden Körmolla, Durdy Gylyç, Molladurdy, Mollamurt, Baýram şahyr ýaly şahyrlaryň syýasy sowatsyzlygy, bilimleriniň pesligi döwrüň syýasy ýagdaýlaryna dogry baha berip bilmeklerine päsgelçilik döredýärdi. Olar bolşewikleriň tutan ýolunyň dogry ýoldugyna çyny bilen ynanýardylar.
Şonuň netijesinde-de Körmollanyň öwgüli häsiýetli «Bolşewik» odasy, Ata Salyhyň «Gahryman bolşewikler» goşgusy edebiýatda peýda boldy. Bu goşgularda şahyrlarymyzyň syýasy düşünjeleriniň pesligi mese-mälim duýulýardy. Şahyryň «Zähmetkeşler gezýär şat bolup», «Agyr senagatlar, täze gurallar», «Hökümetiň sözüne gulak salmagymyz gerek», «Zähmet seni maksadyňa ýetirer» atly goşgularynda ýurtda bolýan özgerişler sadalyk bilen öz beýanyny tapypdyr.
Baýram şahyryň «Söweşer men siz biläni» diýen goşgusynda raýatlyk urşuna gatnaşan şahyryň çäklirägem bolsa hususy garaýyşlary orta atylypdyr.
Durdy Gylyç «Biziň Türkmenistanda» goşgusynda ýurdumyzyň baýlyklaryny, ilkinji nobatda bolsa, onuň zähmetsöýer ajaýyp adamlaryny wasp edýär.
Mollamurt rewolýusiýadan öňki döwürde «Meňli han», «Gara ýüz», «Aksakal», «Musallat» ýaly tankydy, «Ýigit bar», «Sopular» ýaly öwüt-nesihat häsiýetli, «Neşäni», «Neşe» ýaly durmuşy temada, «Gözel juwanym», «Agýar sen» ýaly söýgi temada ýazylan, «Hany», «Ýaranlar», «Neýledi pelek» ýaly elegiýa häsiýetli goşgularyny, «Emir-Zerli» dessanyny döredipdir. Şahyr rewolýusiýadan soň hem çeper döredijilik bilen içgin gyzyklanýar. Emma onuň soňky ýyllarda döredilen eserlerinde syýasy täsirler agdyklyk edip, geldi-geçer meselelere aşa üns berilýär.
1920-nji ýylda «Türkmenistan» gazeti çykyp ugrady. Gazet öz sahypalarynda ozaly bilen türkmen halk döredijiliginden parçalary goýbermäge başlapdy. Gazet öz töweregine döredijilik işine täze gelýän ýaşlary çekip ugrady.
1922-nji ýylda Daşkentde türkmen dilinde žurnallar, okuw kitaplary neşir edilmäge başlanýar. «Türkmen ili» atly syýasy, ykdysady, ylmy we edebi žurnalda hem-de beýleki okuw kitaplarynda türkmen edebiýatyna degişli materiýallar ýerleşdirilýärdi.
1925-nji ýylyň ýanwar aýynda döwlet neşirýaty döredildi. 1925-nji ýylda «Daýhan», «Ýaş kommunist» gazetleri, «Tokmak», «Bolşewik» žurnallary çykyp başlan bolsa, soň «Pioner» (1926), «Türkmen medeniýeti» («Sowet edebiýaty»-1928) ýaly žurnallar peýda bolup ugraýar.
Magaryf halk komissarlygynyň garamagyndaky Döwlet alymlar geňeşinde «Türkmen ylmy-edebiýat jemgyýeti» döredilipdi. Onuň esasy wezipesi täze edebiýaty döretmekde bar bolan edebi güýçleri bir ýere toplamakdan olara ýakyndan ýolbaşçylyk edip, ýazyjy-şahyrlaryň täze döreden eserlerini halk köpçüligine ýaýratmakdan, halkyň arasyndan edebi mirasy toplamakdan hem ýaňadan neşir edip, köpçülige ýetirmekden ybaratdy.
1926-1927-nji ýyllarda türkmen klassyk şahyrlarynyň (Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň) eserlerinlň ýygyndylary neşir edildi. Bu ýygyndylar edebi mirasy halka ýaýratmakda edilen ilkinji synanyşykdy.
1930-njy ýylyn 5-nji maýynda Bütintürkmenistan edebiýat birleşmesi döredilýär.
Gazet-žurnallaryň hemmesinde diýen ýaly ýazyjy-şahyrlaryň döreden eserleri çap edilýärdi.
Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Mollamurt, Ý.Nasyrly, A.Gowşudow dagylar metbugatyň işini ýola goýmakda, onuň töweregine oba ýaşlaryny, habarçylaryny çekmekde edebiýatymyzyň şol irki wekilleriniň bitiren hyzmatlary uludyr.
Türkmen poeziýasy 20-nji ýyllaryň ortalarynda ösüşiň anyk ýoluna duşýär. 1924-nji ýylyň başlaryndan B.Kerbabaýewiň, G.Burunowyň Ý.Nasyrlynyň şygyrlary «Türkmenistan» gazetiniň sahypalarynda görnüp ugraýar.
20-nji ýyllaryň lirikasynda köp üns berlen meseleleriň biri-de zähmetkeşleri, ylaýta-da ýaşlary okuwa, aň-bilime, täze durmuşa çagyrmakdy.
Türkmen poeziýasynyň aýaga galyş döwründe tankydy, satiriki häsietli şygyrlar bilen köp awtorlaryň çykyş edendigini bellemek gerek.
20-nji ýyllaryň türkmen poeziýasyndaky satiranyň tematikasy gaty giň bolup, durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýardy.
«Türkmenistan» gazetiniň, «Tokmak» žurnalynyň sahypalarynda çap edilýän tankydy eserleriň yzy üzülmeýärdi. Eýýäm ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymynda dürli okuw jaýlarynda okaýan ýaşlaryň, oba habarçylarynyň, edebiýat bilen içgin gyzyklanýanlaryň uly topary metbugatyn töweregine çekildi. Olaryň arasynda Agahan Durdyýew, Ata Gowşudow, A.Gulmuhammedow, Amandurdy Alamyşow ýaly zehinli ýazyjylar bardy. Bu ýazyjylar ýigriminji ýyllaryň edebiýatynyň düýbüni tutujylar boldular.
Türkmenistanda ýazyjylaryň hatary 1927-nji ýyldan başlap has hem artýar. Olaryň köpüsi oba mugallymlary we gazet habarçylarydy. Şolaryň arasynda Hojanepes Çaryýew, Ata Nyýazow, Şaly we Aman Kekilowlar, Çary Aşyrow, Ruhy Alyýew, Berdi Soltannyýazow, Hajy Ysmaýylow, Hoja Sükürow ýaly birnäçe ýaş şahyrlardyr ýazyjylar bardy.
Ýigriminji ýyllarda dünýäde uruş oduny tutaşdyrjak bolýanlary paş etmeklige gönükdirilen eserler döredildi. Olara G.Burunowyň «Puja çykdy» (1925), «Burjuaziýa dünýäsine» (1925), Mollamurtuň «Maýadarlar gadym heňin başlajak» (1929), «Dünýä maýadary» (1929), B.Kerbabaýewiň «Artmakdadyr» (1925), «It üýrer, kerwen geçer» 1928), Ş.Kekilowyň «Eliň ýetmez» (1927) şygyrlary we başga ençeme şolar ýaly eserler degişlidir.
20-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda türkmen poeziýasy ösüşiň täze bir basgançagyna galýar. Türkmen poeziýasynda ilkinji sýujetli eserler — poemalar peýda bolup başlaýar. B.Kerbabaýewiň «Gyzlar dünýäsi» (1927), «Ýaz möwsüminde bir gözel», G.Burunowyň «Tirýekkeş» (1927), «On sekiz gark edilen türkmen» (1929), A.Alamyşowyň «Sona» (1928) poemalarynda aýal-gyzlar bilen baglanyşykly türkmen däp-dessurlary, adatlary giňden beýan edilýär.
Ýigriminji ýyllarda edebiýatçy, taryhçy, etnograf hökmünde tanalan, soňundan repressiýanyň pidasy bolan A. Gulmuhammedow hem şygyrlar döretdi. Onuň goşgulary «Hyýal derýasynda» ady bilen aýratyn kitap bolup çykdy. Ýygyndyda döwrüň keşbi şahyrana beýan edilipdir.
20-nji ýyllarda proza publisistik häsiýetde ýazylan kiçeňräk hekaýalardan ybaratdy, olaryň çeperçilik derejesi pesliginde saklanýardy.
Ýigriminji ýyllaryň prozasynda şol döwrüň görnükli metbugat işgäri Ý.Nasyrlynyň (1899-1958) «Ýigrimi bäş ýyldan soň» diýen powesti ýatlanmaga mynasypdyr. Bu powest özüniň göwrümi, boýunça-da, suratlandyrylýan wakalaryň, durmuş hadysalarynyň ululygy boýunça-da şol döwrüň iri eserlerinden biri bolupdyr.
Türkmen edebiýatynda ýer-suw reformasy hakynda ýazylan eserlerden B.Kerbabaýewiň «Obada bolan waka», A.Durdyýewiň «Annagözel hak-hukugynyň üstünde» diýen hekaýalaryny mysal getirmek bolar.
A. Durdyýewiň 1928-nji ýylda ýazan «Bürgüt penjesinde bir gözel», «Bagtly gyz Bagdatda» hekaýalary aýallar azatlygyna bagyşlandy.
Türkmen edebiýatynda proza täze bir zanr hökmünde 20-nji ýyllaryň birinji ýarymynda ýüze çykyp, şol onýyllygyň aýaklarynda-da onun ilkinji miweleri görnüp ugrady.
Ýöne entek ol eserleriň çeperçiligi gaty agsaýardy, galyberse-de, olar entek hekaýa, oçerk zanrlarynyň talaplaryny ödäp bilmeýärdi.
Raýatlyk urşy ýyllarynda wagyz-terbiýeçilik işlerini alyp barmak maksady bilen birnäçe teatr toparlary döredilýär. Bu toparlar azerbaýjan, tatar dillerinde bolup, Orta Aziýa halklarynyň arasynda çykyş etmekligi gurapdyr.
Gyzylarbatdaky wagon-remont zawodynyň işçilerinin arasynda rus drama gurnagynda türkmen bölümi hem döredilýär. Soňabaka, 1920-nji ýyldan soň şeýle gurnaklar Aşgabatda, Kakada, Tejende, Balkanda hem açylyp başlanýar.
Gyzylarbatdaky gurnakdan H.Ataşow «Gyzylarbady gyzyllaryň basyp alşy» atly kiçeňräk drama eserini ýazýar. Drama raýatlyk urşuna bagyşlanypdyr.
1922-nji ýylda Ata Gowşudowyň «Zakaspi fronty» atly pýesany ýazmagy uly waka bolýar.
Şundan soň kem-kemden drama eserlerili ýazýan awtorlaryň sany barha artyp, şol ýyllarda edebiýata degişli makalalar bilen çykyş edip başlan Hally Şahberdiew «Täze mekdep» (1924), «Seýdi» atly pýesalaryny ýazýar.
Şemseddin Keriminiň «Aýjemal» dramasy bar bolan kemçiliklerine garamazdan şol döwürde şöhrat gazanan sahna eserleriniň biridir. Ol türkmen edebiýatynda durmuşyň garaňky taraplaryny şöhlelendirýän ilkinji eserleriň hatarynda durýar.
1925-nji ýylda Türkmenistan Halk magaryf komissarlygy türkmen milli teatryny döretmek barada karar kabul edýär.
1929-njy ýyl türkmen dramaturgiýasynda hasylly ýyllaryň biri bolýar. Berdi Kerbabaýewiň «Tirýekkeş we tebipler», Aýytjan Haldurdyýewiň «Galyňsyz», Ata Gowşu-dowyň «Ganly jeňňel» dramalary şol ýylda türkmen obasynyň durmuşyndan ýazylan eserlerdi.
Türkmen teatr studiýasynyň ilkinji direktory, dürli ýyllarda türkmen teatrynyň edebi bölüminiň ýolbaşçysy, Türkmenistan kinostudiýasynyň ssenariýa bölüminde müdirlik eden Garaja Burunow 1926-njy ýylda «Dakylma» atly pýesanyň ustunde işläpdir. 1929-njy ýylda bolsa talantly dramaturg özüniň «On sekiz gark edilen türkmen» poemasynyň esasynda pýesa ýazýar.
Türkmen edebiýatynda dramaturgiýanyň zanr hökmündäki ilkinji gadamlary ýigriminji ýyllaryň başyndan başlanýar.
Bu zanryň biziň edebiýatymyzda peýda bolmagynda, täze edebi zanr hökmünde ornaşmagynda rus we beýleki doganlyk halklaryň edebiýatlary uly ýardam etdi.
Türkmen ýazyjylary bu çylşyrymly zanryň gizlin syrlaryny birbada ele alyp bilmediler. Olaryň ilkinji eserleri düýpli kemçiliklerden halas däldi. Çeperçilik taýdan gowşaklygynyň üstesine bu pýesalarda öte syýasatlaşdyrma, wakalara synpy taýdan baha berme, rewolýusiýany mahabatlandyrmak ýaly äheňler agdyklyk edýärdi.
Şeýle-de bolsa, Ş.Keriminiň «Aýjemal», A. Gowşudowyň «Gyzyl puluň gullary», «Ganly jeňňel», Berdi Kerbabaýewiň «Tirýekkeş we tebipler», Garaja Burunowyň «On sekiz gark edilenler», A.Haldurdyýewiň «Galyňsyz» ýaly pýesalary öz döwrunde möhüm terbieçilik roluny oýnap, türkmen milli dramaturgiýasynyň taryhyna girdi.
Şol ýyllar gazet-žurnallarda edebiýatyň dürli meselelerine degişli makalalar, ýatlamalar hem çap edilýärdi. Bu çykyşlary arkaly belli bolan O.Wepaýew, A.Gulmuhammedow ýaly edebiýatçylar syýasy batyrgaýlygy, milli meselä, klassyk edebiýatymyza çynlakay baha berýänligi uçin panturkistler, burjuaz milletçiler hökmünde ýazgaryldy. Iň soňunda syýasy gysyş bilen baglylykda olaryň ykbaly pajygaly tamamlandy.
Jemläp aýdanymyzda, 20-nji ýyllarda entek hakyky edebiýat derejesinde bişimedik türkmen edebiýaty öz döwrüniň öňe çykaran gündelik meselelerme seslenip, düşünjesizlik zerarly syýasy wakalaryň yzyna düşmeli boldy. Edebiýat aşa synpylaşdyryldy, aşa syýasatlaşdyryldy. Ol, köplenç, döwrüň geldi-geçer wakalaryny beýan etdi. Şeýle bolansoň, ömri gysga eserler köp döredi.
Şeýle-de bolsa göreşijiligi, öz döwrüne täsir edijiligi babatda edebiýatyň bu döwri çynakaý öwrenilmäge mynasypdyr.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin