T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Beki Seýtäkowyň ömri we döredijiligi



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə8/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Beki Seýtäkowyň ömri we döredijiligi
(1914-1979)
Terjimehal maglumatlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Beki Seýtäkow 1914-nji ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Ýazyjynyň çagalyk döwri agyr ýagdaýlarda geçýär. Ol başlangyç bilimi internatda alyp, soňra 1931-nji ýylda Daşoguzyň mugallymçylyk mekdebini gutarýar.
Geljekki ýazyjy şol ýyllardan başlap, gazetler bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Bu bolsa B. Seýtäkowy metbugat işi bilen has-da ysnyşdyrýar we soňra ol doredijilik işine bütinleý geçýär.
1937-nji ýylda ol Aşgabada gelip, ilki «Ýaş kommunist» gazetinde bölüm müdiri, «Sowet edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi, redaktory, soňra bolsa «Mydam taýýar», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň redaktory bolup işleýär.
B.Seýtäkow 1963-1965-nji ýyllarda Türkmenistan ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolup işledi. Birnäçe ýylyň dowamynda «Sowet edebiýaty» (häzirki „Garagum―) žurnalyna redaktorlyk etdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda Ýazyjylar birleşiginiň edebi maslahatçysy boldy.
B. Seýtäkow Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasydyr. Häzirki wagtda Daşoguzyň Mugallymçylyk mekdebi ýazyjynyň adyny göterýär.
B. Seýtäkow 1979-njy ýylyň martynda Moskwada aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy. B.Seýtäkow döredijilik işine 1929-njy ýylda başlaýar. Geljekki ýazyjy edebi-döredijiklik işine sadaja şygyrlary ýazmak bilen girýär. Onuň ilkinji şygyrlarynyň käbiri etrap gazetlerinde çap edilýär. Emma ýazyjynyň bu şygyrlary hakyky edebiýatçynyň eserleri däl-de, ilkinji synanyşyklardy. B.Seýtäkow döredijilik işine otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymyndan çynlakaý başlaýar.
Onuň ilkinji goşgulary 1938-nji ýylda «Ýaşlyk» ady bilen aýratyn kitap bolup çykýar. B.Seýtäkow ýüzlerçe goşgulary hem-de «Mugallyma», «Ot içinde», «Ýesir», «Horezmin», «Ýagtylyga», «Senemiň söýgüsi», «Leýtenant Iwanow», «Gahryman», «Joralar», «Bagdagül», «Söýgi hasraty» ýaly poemalaryň, «Çuwal bagşy», «Gara ýylan», «Gyz salgydy», «Şahyr», «Ilkinji gün», «Gökleňgyrlan» ýaly onlarça hekaýalary we taryhy-rewolýusion temadan ýazylan powestleri döredýär.
Ýazyjy Beýik Watançylyk urşundan öňki ýyllarda käbir oçerkleri, çaklaňja hekaýalary ýazyp, 1939-njy ýylda onuň proza eserleriniň ilkinji ýygyndysy çap edilýär. Bu döwürde özüni şahyr hökmünde tanadýar. Uruş ýyllaryna çenli B.Seýtäkowyň «Ot içinde» (1940), «Aýazhan» (1940) ýaly poemalary, «Ýaşlyk» (1938), «Biziň döwrümiz» (1941) ýaly goşgular ýygyndylary okyjylara ýetirilýär.
Beki Seýtäkowyň şu ýyllarda döreden şygyrlarynyn köpüsinde öz döwri üçin ähmiýetli meseleler orta atylýar. Olarda kolhoz obasynyň keşbi, türkmen daýhanlarynyň ruhy dünýäsinde ýüze çykýan ahwalatlar, ýer-suw reformasy we kolhoz gurluşygy döwründe ýüze çykan ýagdaýlar teswirlenýär. Ýazyjy şol eserlerinde ýaş nesli bilim, medeniýet ugrundaky göreşe çagyrýardy. Şahyryň şol ýyllardaky goşgulary, esasan, wagyz-nesihat äheňli goşgulardy. Şahyr edebi döredijilik gözleglerine gümra bolup, agtarýardy, gözleýärdi, tapýardy.
Ýazyjynyň öz eserlerinde öňe sürýän, hut şol döwrüň ruhuna bap gelýän pikirlerini açyk, gönümel dil bilen beýan etmegi şol eserleriň manysyny has aýdyň görkezýärdi. Ýazyjynyň liriki gahrymany täzeçilligiň wepaly tarapdary bolup orta çykýar.
B.Seýtäkowyň 1940-njy ýylda çap edilen «Ot içinde» poemasy Türkmenistanda raýatlyk urşunyň wakalaryny görkezmäge bagyşlanyp ýazylan epiki eserleriň biridi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolan «Doganlar» (1959-1965) trilogiýasy diňe ýazyjynyň öz döredijilik üstünligi bolman türkmen edebiýatynyň taryhynda uly bir wakadyr. B. Seýtäkow «Bedirkent» romanyny ýazmak bilen «Doganlar» epopeýasyny gutarnykly tamamlady.
B.Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda görkezilýän wakalar Demirgazyk Türkmenistanda we Garagalpagystanyň Dörtgül etrabynda bolup geçýär. Roman Türkmenistanda Oktýabr rewolýusiýasy döwründäki we ondan öňki wakalary çeperçilik taýdan gowy teswirleýän eser bolup çykdy.
«Doganlar» romanynda, adyndan belli bolşy ýaly, halklaryň dost-doganlyk meselesi, dürli halklaryň wekilleriniň azat-erkin durmuş, adalat ugrunda göreşişleri has töwerekleýin beýan edilýär. Eserde türkmen, rus, özbek, garagalpak, tatar halklarynyň wekilleri bilelikde hereket edýärler. Şunuň ýaly-da, eserde söýgi, durmuş meselesi esasy orun tutýar, adamlary gelip çykyşy boýunça gul ýa-da ig hökmünde toparlara bölüp, könäniň zyýanly galyndylaryna uýmak ýaly nogsanlyklar ýazgarylýar.
Roman-epopeýada milletler arasyndaky dostluk meselesi has giňişleýin işlenilipdir. Hywa hanlygynyň merkezinde gidýän wakalar hem ýazyja bu meselede köp materiallar berýär.
Romanda hereket edýän rus halkynyň wekili Sergeý Mihaýlowiç Ýefimow milletine garamazdan, ähli adamlaryň agzybirligi ugrunda tagalla baryny edýär. Ol hemme adamlary deň hasaplap, olary mertebesini deň tutmagyň tarapdary. Ýefimow öz töweregindäkilere diňe bir şu meseläni däl, Gurbanmämmet hanyň kimdigmi, umuman, adamlary biri-birinden daşlaşdyrmak üçin ulanylýan hileleri örän ynandyryp düşündirmegi başarýar. Bir gezek ol adamlar bilen gönüden-göni şeýle gürrüň edýär: «Han ýaman adam. Birine ors diýdi, birine jüneýit diýdi, adamlary duşman etdi. Garyp adam dogan boldy. Güýçli boldy, hana gaty söz aýtdy bar.»
Şeýlelikde, bir tarapda Ýefimow we onuň egindeşleri zähmetkeş halklary birleşdirmek, dost-dogan etmek, olary durmuşyň aýdyň ýoluna salmak hakda iş alyp barýarlar. Bu iş netijesiz däl. Ol gitdigiçe öz tarapdarlaryny artdyrýar. Ýazyjy ýuwaş-ýuwaşdan Saparmyrady, Aman pälwany, Ýagmyry, Kasymy Ýefimowyň töweregine toplaýar. Olaryň aýry-aýrylykda gylyk-häsiýetlerine, düşünjelerine aralaşýar. Ikinji tarapda bolsa, Jüneýit han hem onuň töweregindäki adamlar güýçleriniň bir ýere jemlenmegi ugrunda iş alyp barýarlar.
B. Seýtäkowyň «Doganlar» romany çylşyrymly taryhy wakalary öz içine alýan uly göwrümli eser bolup, onda türkmen halkynyň geçmişiniň iň gyzykly sahypalaryna syýahat edilýär. Eserde dürli gylyk-häsiýetli adamlaryň keşpleri döredilip, olaryň her biri indiwidual häsiýetde orta çykarylypdyr. Sonuň netijesinde örän dartgynly döwür bolan Oktýabr rewolýusiýasy zamanasynyň taryhy ýagdaýlary çeperçilik bilen uly masştabda öz beýanyny tapypdyr.
Elbetde, eser sowet edebiýatynyň önümi. Şonuň üçinem ol döredilen döwrüniň syýasy talaplaryndan üzňe bolup bilmändir. Romanyň ilkinji sahypalaryndan başlap, rewolýusiýany adamlara azatlyk getirýän hadysa hökmünde mahabatlandyrmak, rus halkynyň wekili Ýefimowy aşa öwmek, Jüneýit hany birtaraply häsiýetlendirmek, diňe zalym adam hökmünde görkezmek ýaly meýiller gözüňe ilýär. Eseriň dörän döwrüniň döreden nogsanlyklaryna garamazdan, romanda dostluk, watançylyk, ynsanperwerlik, päk söýgä wepalylyk ýaly ençeme gowy ynsanperwer häsiýetler, asylly ýörelgeler çeper teswirlenipdir.
B. Seýtäkow «Doganlar» romanyny döretmeklige çenli eýýäm uly döredijilik mekdebini geçipdi. Ol uruşdan soňky ýyllarda döreden bir topar powestleriniň mysalynda uly göwrümli epiki eserleri döretmekligiň üstünde nähili iş alyp barmalydygyny oňat öwrendi. Bu iri eserleriň üstünde uzak ýyllaryň dowamynda işlemegi, rus klassyk we döwürdeş ýazyjylarynyň baý tejribesini yzygiderli öwrenmegi B. Seýtäkowy çeper söze ussat hökmünde orta çykardy.
1972-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýaty ýazyjynyň «Bedirkent» romanyny okyjylara ýetirdi. Bu roman özünde ýaýbaňlandyrýan wakalary boýunça «Doganlar» trilogiýasynyň dowamydyr.
Ýazyjynyň «Doganlar» romany we beýleki eserleri dürli halklaryň dillerine terjime edildi.
Ýazyjy «Iň soňky söweş» romanynda hem taryhy-rewolýusion temany dowam etdirdi.
Çeperçilik derejesiniň onçakly kämillige ýetmändigine seretmezden ýazyjynyň «Çölüň ýüregi» romany fantastiki žanrda türkmen edebiýatynda döredilen ilkinji proza eseridir.
Ýazyjynyn edebi mirasyna üns bersek, awtoryň üç temany ürç edip öwrenendigini anyk aýtmak bolar. Olar taryhy-rewolýusion tema, obanyň keşbi, şu günuň ýaşlarynyň durmuşy baradaky temalardyr.
B.Seýtäkow häzirki zaman temasyndan, ýaşlaryň durmuşyndan söz açýan «Perwana», «Bekmyrat Durdyýew», «Tekepbir gyz» ýaly powestlerini döretdi. Ýazyjynyň «Tylla, seniň yşkyňda» powestinde türkmen klassyk edebiýatynyň görnükli wekili Şabendäniň durmuşyndan gürrüň berilýär.
B.Seýtäkowyň ösen intellektual derejesi ýazyjynyň köptaraply zehinini açyp görkezdi. Ýazyjy dürli žanrlarda özüni synap görüp, ýiti zehine eýlenen eserlerini miras galdyrdy. Ol «Kolhozyň hatyrasy üçin» (1950), «Bahargül» (1948), «Aýallar sowetiniň başlygy» (1952), «Enelik mähri» (1954) ýaly ençeme dramalaryň, «Uly doganlarymyzyňkyda» (1962), «Üç hepdeläp Owganystanda» (1963), «Gazagystanda», «Şotlandiýada», «Daşkent ýazgylary» (1968), «Dostlarym, ýoldaşlarym, tanyşlarym» (1971) ýaly çeper ýatlamalaryň hem awtorydyr. Ýazyjy rus we daşary ýurt edebiýatyndan onlarça eserleri terjime edip, türkmen okyjysyna sowgat berdi. Ol dürli ýyllarda döreden ýiti mazmunly makalalary bilen edebiýat tankydyna hem önjeýli goşant goşdy.
Zehinli ýazyjy, uly şahsyýet B.Seýtäkow ýaşlaryň uly halypasydy. Ol ýaşlary hakyky çeperçilik ugra gönükdirmäge, olara goldaw-hemaýat etmäge mydama üns berip gelipdi. Ýazyjy türkmen halkynyň we onuň edebiýatynyň öňünde bitiren uly hyzmatlary bilen meşhurlyk gazandy. Ýazyjynyň yshlasly zähmeti, ajaýyp edebi mirasy türkmen halkynyň ruhy dünýäsini bezeýän, ony her taraplaýyn açyp görkezýän uly edebi belentlikdir.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin