Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə4/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Sözlügiň baýlygy barada. 
Sözleýiş biz diňe pikirimizi dälde eýsem 
gatnaşygymyzy (makullamak, garşy bolmak, mähirli bolmak we ş.m) 
görkezýäris. Terbiýeçi ünsli we hoşniýetli bolmalydyr. Eger-de körpe 
çaga siz bilen gepleşäýse siz onuň bu ýagdaýyna begenýändigiňizi, ony 
ýadaman, 
ýaltanman 
diňlemäne 
taýýardygyňyzy 
duýdurmaly. 
Terbiýeçiniň alçaklygy çagalar bilen erkin gatnaşygynda bolmagy okuw 
işine oňaýly täsir edýär. Sesleriň çagalaryň aňyna ýetmegi onuň 
janlylygyna we obrazlylygyna baglydyr. Öz wagtynda aýdylan söz, 
sözleýiş has hem takyk edip diňleýjileri kanagatlandyrar. Çagalar bilen 
aragatnaşyk saklananda, olaryň ýaş aýratynlygy göz öňünde 
tutulmalydyr. (Pikirlenmäniň emosional, sözlügiň semantik, sözleriň 
garyplygynyň takyklygy.) Çagalar bilen gürleşilende her bir söz olaryň 
aňyna ýeter ýaly takyk bolmaly, olarda ýagty obrazlary döretmeli we 
duýgularyna täsir etmeli.


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
11 
Sözleýşiň grammatika taýdan dogrulygy, sözleýşiň grammatiki 
dogrulygy edebi diliň zerur hilidir. Terbiýeçi tarapyndan grammatik 
talaplaryň kemçilikleri bolmaly däldir. Sebäbi çaga ulynyň sözleýşinden 
nusga alýar. 
Sözleýşiň ses medeniýeti barada. 
Terbiýeçiniň sözleýşi 
hemmetaraplaýyn labyzly bolmalydyr. Bir meňzeş äheňde gürlemek 
terbiýeçiniň sözleýşini zaýalaýar diňleýjiniň aňyna ýetmeýär, pikirleri we 
duýgulary döretmeýär. Irki ýaşly çagalaryň sözleýiş medeniýetine eýe 
bolmagy ene-atalar bilen bilelikde terbiýeçilere hem baglydyr. Ýene-de 
göz öňünde tutulmaly zatlaryň iň esaslarynyň biri sözüň başynyň dogry 
goýulmagydyr. 
Terbiýeçi ünsli we hoşniýetli bolmalydyr. Eger-de körpe çaga siz 
bilen gepleşäýse, siz onuň bu ýagdaýyna begenýändigiňizi, ony ýadaman-
ýaltanman diňlemäge taýýardygyňyzy duýdurmaly. Terbiýeçiniň 
hoşgylawlygy we ýylgyrmasy çaga oňaýly täsir edýändir. Çaga terbiýeçi 
bilen uzak gürleşenini kem görýän däldir. 
Terbiýeçiniň alçaklygy, çagalar bilen erkin gatnaşykda bolmagy 
okuw işine oňaýly täsir edýär. Onuň özüni alyp barşy çagalaryň-da 
özlerini erkin duýmagyna, bilýän maglumatlaryny aýdyp bilmegine 
mümkinçilik döredýär. 
Terbiýeçi okuw maglumatyny öz häsiýetine mahsus bolan derejede 
(hiç hili ýasamalygy ulanmasyzdan) düşündirse, çagalar hem şol usulda 
bilýänlerini erkin beýan etmäge ymtylýarlar. Okuwa bolan bu görnüşdäki 
şahsy çemeleşme edebi, seresaplylygy, otagda oturan çagalaryň 
düzümini, olaryň ösüş derejesini, aň-düşünjesini, terbiýeçi bilen 
çagalaryň özara gatnaşygyny göz öňünde tutmak bilen pedagogik 
takyklylygy hem talap edýär. Şu nukdaýnazardan-da, terbiýeçi okadýan 
çagalarynyň ýaşyna görä hereket etmelidir, her bir zada olaryň gözi bilen 
garamalydyr, ony görmelidir, duýmalydyr. 
Özüniň şahsy tejribesiniň okuwyň mazmunynyň bir bölegidigine 
düşünýän, ony çagalara ýetirmäge synanyşýan terbiýeçi hem 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
12 
mugallymdyr hem-de terbiýeçidir. Terbiýeçiniň açyklygy birnäçe wajyp 
wezipeleri ýerine ýetirýär. Meselem, maglumatyň beýan edilişi has 
ynamly bolýar, çagalarda terbiýeçiniň maglumatlary beýan etmekde 
alýan maglumatlaryna gyzyklanmak, şatlykly duýgyny başdan 
geçirmekligi oýarýar, terbiýeçiniň gürrüň berşine aňly-düşünjeli, 
gyzyklanma bilen üns bermäge, onuň usullaryna göz ýetirmäge ýardam 
edýär. Çagada birek-birege ynamlylyk, çynlakaýlyk, şadyýanlyk, erkinlik 
şertlerini döredýär. 
Terbiýeçi sapakda diňe belli bir çaganyň durmuş tejribesi bilen iş 
salyşman, tutuş çagalar toparynyň durmuş tejribesini hem göz öňünde 
tutmaly bolýar. Bu bolsa sapagyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Çagalaryň 
durmuş tejribesiniň dürlüligi, köplügi, olaryň häsiýetine okuwçylaryň 
özleriçe düşünişleri köptaraplylygyň birligidir. Bu bolsa çekeleşme üçin 
esas döredýär, birek-birek bilen jedelleşmäge, maslahatlaşmaga, birek-
biregi düzetmäge, birek-biregiň pikirini has-da giňeltmäge ýol açýar. 
Terbiýeçiniň sözleýiş medeniýetiniň çaga täsiri örän uludyr. 
Sözleýiş medeniýeti diýip, diliň hemme kada-kanunlaryna laýyk gelýän 
derejede sözlemeklige aýdylýar. Sözleýiş medeniýetini edinmek diňe dil 
birlikleriniň manysyna düşünmek däl-de, olary edebi dilde peýdalanyp 
bilmekdir. Dürli sapaklarda dürli temalaryň üsti bilen sapaga mahsus 
düşünjeler bilen bilelikde halkymyzyň maddy-ruhy we milli-medeni 
gymmatlyklary barada ýaş aýratynlyklaryna görä düşünje berilýär, olaryň 
gadyr-gymmaty düşündirilýär. Şeýle düşündirişlerde terbiýeçiniň, 
mugallymyň sözleýiş ukyby uly rol oýnaýar. Terbiýeçiniň, mugallymyň 
sözleýiş ukyby diýip sözleri ýerbe-ýer goýup, çeper sözläp bilmeklige, 
äheňiniň, labyzynyň suhangöýlügine (ýumşak, mylaýym äheňli, süýji 
sözli, dilewar), sözlände çagalara bolan mähirli, mylaýym gatnaşygyna, 
gepleýän wagty çaganyň ýaş aýratynlygyna laýyklykda sözläp bilmegine 
aýtmak bolar. Şol ukyp hem çaganyň baglanyşykly sözläp bilmek 
endikleriniň kemala gelmegine. sözleýiş medeniýetiniň kämilleşmegine 
ýardam edýär. Sözleýiş arkaly maddy-ruhy we milli-medeni ruhy 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
13 
gymmatlyklarymyz sapaklarda öwredilýän düşünjeleriň üsti bilen 
çagalaryň aňyna siňdirilýär. 
Türkmenistanda birnäçe 
dialekt
bolup, ýerli ilat şol dialektde 
gepleşýär. Köp terbiýeçiler hem şol ýerde ýaşap, şiwe diline öwrenişip 
gidýärler. Emma terbiýeçi çagalar bilen sapak geçende edebi diliň 
derejesinde sözlemäge we ony çagalara hem öwretmäge borçludyr. 
Terbiýeçi öz sözleýşinde her bir sözi, sesleri ýerli-ýerinde goýup, degişli 
basym boýunça geplemegi başarmalydyr. Durmuşda käbir terbiýeçiler 
aýdýan sözleriniň soňuny doly eşitdirmeýärler, örän ýuwaş ýa-da çalt 
gepleýärler Bu ýagdaýy olaryň özleri bilmeýär. Şonuň üçin geljekde 
terbiýeçi bolmagy ýüregine düwen adamlar pedagogik okuw jaýlaryna 
girmekçi bolan ýagdaýlarynda ilki bilen olaryň arassa, sada, düşnükli 
gürlemek ukyby barlanyp görülmelidir. Okuwa girmek isleýänleriň 
sözleýiş dilinde käbir ýetmezçilikler bolsa, ýagny edebi dilde gürläp 
bilmese, käbir sesleri aýdyp bilmese, sakynyp geplese, onda hemme 
talaplary ödeýän hakyky terbiýeçi bolmaz. Irki ýaşly çagalaryň sözleýiş 
medeniýetine eýe bolmagy ene-atalar bilen bilelikde terbiýeçilere hem 
baglydyr. Ýene-de göz öňünde tutulmaly zatlaryň iň esasylarynyň biri 
sözüň basymynyň dogry goýulmagydyr. Çagalaryň, uly adamlaryň 
arasynda hem basymy talabalaýyk edip aýtmaýanlaryna köp duş gelmek 
bolýar. Mysal üçin
, "meýlis’’, “surat”
ýaly sözlerde ikinji bogny 
sokduryp, uzyn aýdýarlar. Bu sözüň aýdylyş talabyny ödemeýär. Ýene bir 
mysal: terbiýeçi çaga bilen işlände bir agajy görkezip bu näme diýip sorag 
berende, çaganyň “bag” diýip beren jogabyny düzetmegiň ýerine üns hem 
bermeýär. Bir agaç bag bolmaýar. Çaga şu ýerde gödek ýalňyşlyk 
goýberýär. 
Mugallymçylyk mekdebiniň talyplaryndan edilýän esasy talaplar: 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin