Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Edebi türkmen dilinde sada we düşnükli geplemegi başarmak.  



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə5/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Edebi türkmen dilinde sada we düşnükli geplemegi başarmak. 

 
Türkmen diliniň grammatikasyny, onuň böleklerini, leksikany, 
fonetikany, morfologiýany gowy bilmek. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
14 

 
Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýiş diliniň ösmeginiň 
aýratynlyklaryny özleşdirmek. 

 
Okatmagyň dürli usullaryny oňat bilmek. 
Çagalar bagynyň terbiýeçisiniň sözleýşiniň kämilligi onuň hünär 
kämilliginiň ýokarydygyny görkezýär. Terbiýeçi öz sözleýiş edebini 
kämilleşdirmegiň üstünde işlände dil baýlygyny artdyrmaga 
çalyşmalydyr. Ol dilde fonetik, leksik, grammatik taraplaryna, onuň 
manysyna, ýerlikli peýdalanylyşyna üns bermelidir. Öz sözleýşini 
kämilleşdirmek her bir geljekki bilim işgäri üçin öz öňünde-de, 
jemgyýetiň öňünde-de uly borçdur. Ol özünde sözleýşiň kämil 
başarnyklaryny edinmek bilen çagalaryň hem sözleýşiniň talabalaýyk 
bolmagyny gazanýar. 
Terbiýeçi çagalary hemme taraplaýyn terbiýelemekde döwlet 
tarapyndan ynanylýan adamdyr. Ol ýurdumyzyň geljekdäki raýatlaryny 
döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda çalyşýar. Çagalar bagynyň 
terbiýeçisiniň kämilligi onuň hünär kämilliginiň ýokarydygyny 
görkezýär. 
Ol özünde kämil başarnyklaryny edinmek bilen çagalary hem şeýle 
ruhda terbiýeleýär. Terbiýeçiniň sözleýşi çaganyň sözleýşiniň esasy 
çeşmesidir. 
Terbiýeçi ünsli we hoşniýetli bolmalydyr. Eger-de körpe çaga siz 
bilen gepleşäýse, siz onuň bu ýagdaýyna begenýändigiňizi, ony ýadaman 
ýaltanman 
diňleýändigiňizi 
duýdurmaly.Terbiýeçiniň 
hoşamaý 
ýylgyrmasy çaga oňaýly täsir edýändir. Çaga terbiýeçi bilen uzak 
gürleşenini kem görmeýär. 
Terbiýeçiniň alçaklygy, çagalar bilen erkin gatnaşykda bolmagy 
okuw işine oňaýly täsir edýär. Onuň özüni alyp baryşy çagalaryň-da 
özlerini erkin duýmaga , bilýän maglumatlaryny aýdyp bermegine 
mümkinçilik döretýär. Terbiýeçiniň sözleýiş medeniýeti çaga örän uly 
täsir edýär. Sözleýiş medeniýeti diýip diliň hemme kada-kanunlaryna 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
15 
laýyk gelýän derejede sözlemegine aýdylýar. Sözleýiş medeniýetini 
edinmeklik diňe bir dil birlikleriniň manysyna düşünmek däl-de olary 
edebi dilde peýdalanyp bilmekdir. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin