Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə8/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Ejem Bolsa Ýanymda 
Käýinji-de ýag ýaly, 
Ejem bolsa ýanymda. 
Gyş bolsa-da ýaz ýaly, 
Ejem bolsa ýanymda. 
 
Doýmak ýok gül ýüzünden, 
Mähir doly gözünden. 
Ösýär boýum gün-günden
Ejem bolsa ýanymda. 
Köýnek tikse ogluna,
Taýýar eder şol güne. 
Eden işim şowuna, 
Ejem bolsa ýanymda. 
 
Güneş çaýar asmandan, 
“Eje” sözün aýdamdan. 
Dünýäm doly aýdymdan, 
Ejem bolsa ýanymda. 
 
Muhammetmyrat Kömekow 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
22 
4.
 
Çagalar bagynda okuw maksatnamasy bilen işlemek. 
 

 
Çagalar bagynyň okuw maksatnamasy. 

 
Okuw maksatnamasy bilen işlemegi öwretmek.
Çagalar 
bagynda 
okatmagyň 
we 
terbiýelemegiň 
milli 
maksatnamasy mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä 
daşky durmuşy bilen tanyş etmekden ybarat. Çagalary daşky durmuş 
bilen tanyş etmegiň 2 maksady bar: 

Çagalary akyl taýdan terbiýelemek we dünýägaraýşyny giňeltmek. 

Çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, täze sözleri öwretmek we 
söhbetdeşlige taýýarlamak.

Mekdebe çenli kiçi toparda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly 
Berdimuhamedowyň suraty boýunça tanamagy öwretmek. Harby 
işgärler barada olaryň bitirýän işleriniň zerurlygy egin-eşikleri 
barada düşündirmek. 

 
Sorag bermek. 

 
Görkezmek. 

 
Terbiýeçiniň gürrüňiniň nusgasy. 

 
Hekaýa boýunça, hekaýa düzdürmek. 

 
Çagalaryň gürrüňine baha bermek. 
 
Berkarar döwletimizde bilim özgertmeleri esasynda alnyp barylýan 
işler hemmetaraplaýyn bilim bermek esasynda kämil şahsyýeti terbiýeläp 
ýetişdirmegi göz öňünde tutýar. Çagalar baglarynda akyl, ahlak we estetik 
(gözellik) terbiýesi sözleýiş esasynda amala aşýar. Çagalar bagynda 
okatmagyň we terbiýelemegiň maksatnamasynda çagalar bakja bagynyň 
irki we mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýşini ösdürmek boýunça 
guramaçylyk işleri we okatmagyň usullary görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, 
irki we mekdebe çenli çagalaryň sözleýşiniň mazmuny daş-töwerekde 
bolýan wakalar esasynda aňynda şöhlelenýär. Bu onuň özi, beden 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
23 
agzalary, ýakyn adamlary, ýaşaýan otagy, terbiýe alýan çagalar bagy, 
seýilgäh, golaýyndaky köçeler, şäher adamlaryň zähmeti, işi, janly we 
jansyz tebigat. Uly toparlarda etiki düşünjeler, ýagny daş-töwerekdäki 
gurşap alýan adamlar, birek-biregiň öňündäki borjy, birek-birege bolan 
sylanyşykly gatnaşyk, tebigat, jemgyýetiň ýaşaýşy, baýramçylyklar bilen 
bagly etmeli işleri barada düşünjeler berilýär. Okuw Maksatnamasynda 
aşakdaky wezipeler kesgitlenilýär: 

Täze bogunlary, ses utgaşmalaryny we sada sözleri aýtmakda 
öýkünmegi ýüze çykarmak; 

Bir ýaşynyň ahyryna çenli çagalara 10-12 sany aňsatja söz 
ulanmagy öwretmek; 

Haýwanlara we ösümliklere mähirli garaýşy terbiýelemek; 

Çaganyň özüne ýüzlenilen söze düşünmegi, oňa elýeterli sözleýiş 
serişdesine görä jogap bermegi öwretmek, ulular bilen 
gepleşmäge meýil döretmek; 

Çaganyň söz baýlygyny (ony gurşap alan zatlaryň atlarynyň we 
olar bilen edilýän hereketleriň hasabyna) ösdürmek; 

Ýönekeý sözlemiň gurluşyny özleşdirmek; 

Sözleýşiň ses medeniýetini (dogry dem almak, sözleýiş tizligi, 
sesi dogry aýtmak) ele almak; 

Çaganyň deň-duşlary we özge adamlar bilen aragatnaşygyny 
giňeltmek; 

-çaganyň geplemek meýlini, islegini, gepe goşulyşmak 
ymtylmasyny goldamak; 

Sözleýiş medeniýetiniň başlangyjyny özleşdirmegi, ýagny sypaýy 
gatnaşygyň sözleýiş görnüşlerini (salamlaşmak, hoşlaşmak, 
minnetdarlyk bildirmek) ulanmagy öwretmek; 

Söz binýadyny dogry goýmagy (oýnawaçlar bilen oýnamak, 
hereketli oýunlar arkaly). Giňeltmegi we ulanmagy öwretmek; 

Sanlary, wagty aňlatmak üçin atlaryň, sypatlaryň goşulmalaryny 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
24 
ulanmak başarnygyny ýola goýmak; 

Sözüň aňladýan şekilini göz öňüne getirmegi öwretmek; 

Monologik sözleýşiň ilkinji görniişlerini özleşdirmegi, özüňde 
täsir galdyran hadysa barada iki-üç sözlemden ybarat gürrüň 
bermegi öwretmiek; 

Çeper eseri diňläp, onuň mazmunyna düşünmegi, goşgyny dogry 
äheňde aýtmagy öwretmek; 

Baglanyşykly we labyzly sözleýşi ösdürmek; 

Tanyş ertekiler, goşgular, hekaýalar boýunça sahna oýunlaryna 
gatnaşmaga höwes döretmek. 

Çeper eserleriň gahrymanlaryna olaryň häsiýetlerine görä garaýşy 
terbiýelemek; 

Edepli sözleýiş kadalarynyň başlangyjyny öwretmek; 

Eseriň mazmunyny ara alyp maslahatlaşmak, gürrüň bermek, 
goşgy aýtmak meýli ösdürmek; 

Çagalaryň aýratynlykda döredijilikli sözleýiş ukyplaryny 
ösdürmek; 
Şeýlelikde, sözleýiş çaganyň şahsyýetiniň ösmegine täsir edýär, 
ýardam berýär, onuň bilimi, gözýetimi giňeýär, daş-töweregindäkiler 
bilen gatnaşykda bolmaga kömek edýär, edep-terbiýe düzgünlerini 
özleşdirýär. Sözleýşi ösdürmek bilen çaga daş-töweregine garaýşyny 
kämilleşdirýär we oňa tiz öwrenişýär. 
Sözleýiş boýunça ýörite bellenen sapaklarda sözleýşi öwretmek 
boýunça aşakdaky görnüşler alnyp barylýar: 

Çagalaryň ses medeniýetini terbiýeleme; 

Sözlük goruny baýlaşdyrmak; 

Grammatik endikleri kemala getirmek; 

Baglanyşykly sözleýşi öwretmek - monolog-dialog-daş-töwerek 
bilen baglanyşyklylykda; 

Çeper edebiýat bilen tanyşdyrmak, ýat tutmagy öwretmek; 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
25 
Bu işleriň maksady her bir çagada baglanyşykly sözleýşi kemala 
getirmekdir. Çaga ýedi ýaşyna çenli sözleýşiň daş-töweregindäki görýän 
zatlaryny suratlandyrmak, wakalary gürrüň bermek üçin monolog 
görnüşini peýdalanyp bilmegi başarmalydyr. Çaganyň monologyndaky 
sözlemleriň grammatik gurluşy edebi diliň normalaryna gabat gelmelidir. 
Çaganyň akyl taýdan ösmeginde dil sözleýşiniň kemala gelmeginiň 
uly ähmiýeti bar. Çaga ene dilini sözleýşiň oňat nusgalary esasynda 
öwretmeli. Çagalar öýkünmek esasynda kämil däl sözleýşi hem 
öwrenýärler. 
Sözleýşi öwretmegiň iki sany esasy görnüşiniň üstünde durlup 
geçilýär: 

Çagalaryň terbiýeçi, çagalar bagynyň beýleki işgärleri bilen öz 
aralarynda erkin gepleşigi. 

Sözleýşi ösdürmek boýunça ýörite sapaklar. 
Ene dili çagada ilkinji gözellik terbiýesini berýän sapak bolup 
hyzmat edýär. 
Mekdebe çenli ýaşly çagalary çagalar edaralarynda terbiýelemekde 
we okatmakda “Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we 
terbiýe bermegiň Milli maksatnamasynda” esasynda alnyp barylýar. 
Maksatnamada mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe maksada, 
wezipesi we mazmuny takyk görkezilendi. Maksatnama düzülende 
mekdebe çenli ýaşly çagalaryň pedagogikasynyň, psihologiýasynyň hem-
de aýry-aýry dersleri okatmagyň usullary boýunça gazanylan ylmy 
barlaglaryň netijeleri göz öňünde tutuldy. 
“Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe 
bermegiň Milli maksatnamasynda” düzülende çagalaryň hukuk baradaky 
kanunlary, Türkmenistanyň “Bilim hakyndaky” kanunyna esaslandy. 
Maksatnamanyň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr: 

Çagalaryň aňynda kemala gelen şahsyýete mahsus bolan sypatlaryň 
başlangyçlaryny, esaslaryny döretmekden; 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
26 

Öz kärine, hünärine zähmetsöýer, kalby päk , süňňi halal, dogruçyl, 
Watanyň ykdysady we medeni ösüşine zähmeti bilen goşant 
goşmaga taýýar adamlary terbiýelemekden; 

Türkmenistanyň Döwlet nyşanlaryny-Tugrasyny, Baýdagyny, 
Senasyny şeýle hem döwletiň kanunlaryny we düzgünlerini bilýän 
olary hormatlaýan we ýerine ýetirýän raýatlyk sypatlaryny kemala 
getirmekden; 

-Ynsan hukugyna, azatlygyň esaslaryna hem-de Birleşen Milletler 
Guramasynyň jar eden düzgünlerine hormat goýmagy 
terbiýelemekden; 

-Çagnyň ýaşaýan ýurdunyň milli gymmatlyklaryna, diline öz 
medeniýetinden tapawutlanýan özge medeniýetlere sarpa goýmagy 
terbiýelemekden; 

-Maşgala agzalaryna, ene-atalaryna mähir, söýgi, hormat 
duýgularyny döretmekden, maşgalanyň maddy we ruhy 
abadançylygyny guramaga, ösdürmäge bolan islegleri kemala 
getirmekden; 

Maksatnamada çaganyň mekdebe çenli ösüşi üç (bäbeklik, irki 
çagalyk we mekdebe çenli ) döwre bölünip, her döwürde onuň ýaş 
aýratynlygyna mahsus umumy alamatlary beýan edilýär. 

Çaganyň jemgyýetde tutýan orny we jemgyýetiň ondan edýän 
talaplary; 

Çaganyň esasy islegleri we meýilleri, ýagny onuň daşky dünýäden 
talaplary; 

Çaganyň ösüşinde ilkinji ýyllarynda onuň ösüşinde örän düýpli 
üýtgeşmeler bolup geçýär. Çaga ilki bir zady tutmagy, seljermegi 
öwrenýär. Şeýlelikde, sözleýiş emele gelip başlar. Üç ýaşyna 
baranda arkaýyn gürläp bilýär. Çaganyň hereketleriniň kadaly 
ösmegi üçin onuň beden we aň ösüşi hökman kadaly ýagdaýda 
bolmalydyr. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
27 
Çaganyň dem almagy üçin howanyň gerek bolşy ýaly hereketiň 
hem onuň dogry ösmegi üçin zerurlykdygyny, az hereket edýän 
çagalaryň, köplenç, hemmetaraplaýyn gowşak we ysgynsyz bolup 
çykýandyklaryny lukmançylyk ylymlary nygtaýar. Olar sözleýiş dili, 
oýnaýan oýunlary, düşünjeleri taýdan hem öz ýaşdaşlaryndan yza 
galýarlar. 
Çaganyň herket etmegi diňe bir onuň bedeniň saglygy üçin 
ähmiýetli bolman, ol çaganyň aklyny hem ösdürýär, onuň daş töweregini 
gurşap alýan zatlara düşünişini, gözýetimini giňeldýär hem-de 
çuňlaşdyrýar. Çaga hereketiň kömegi bilen öz aklyny baýlaşdyrýan, 
günsaýyn bilimlerini artdyrýa hem-de onuň özüne bolan ynamy artýar. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin