MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
67
Uzakdan görgür
Ýüwrük hem ýörgür
Azar bermeseň
Uklar ol myr-myr
(Pişik)
Mekdebe çenli çagalar deň-duşlar we ulular bilen aragatnaşyk
saklar ýaly, sözlük gory bolmalydyr, şonuň üçin pedagogika çagalaryň
sözlük goruny baýlaşdyrmaga wajyp serişde hökmünde seredýär.
Sözleýiş gory diýip,
halkyň öz tarapyndan uzak wagtyň içinde
sözleýiş gory bilen baýlaşdyrmagyna aýdylýar. Bu prosesiň mukdar we
hil tarapy bardyr. Çagalaryň sözleýiş mukdary we hil tarapy bardyr.
Çagalaryň sözleýiş mukdar tarapy has hem göze görünýär. 1 ýaşly
çagalaryň işjeň sözleýişde 10-12 söz bolsa 6 ýaşynda 3-3,5 çenli artýar.
Sözleýişiň hil tarapy diýip, çagalaryň sözleriň mazmuny bilen tanyş
bolmagyna aýdylýar. Her sözüň mazmuny düşündirmekden durýandyr.
Dostları ilə paylaş: