47-nji TEMA
ÝAGTYLYGYŇ TEBIGY WE EMELI ÇEŞMELERI
Özlerinden ýagtylyk çykarýan jisimler
ýagtylyk çeşmeleri
diýlip atlandyrylýar.
Meselem, Gün, ýyldyzlar, elektrik
lampoçkasy, ýanyp duran şem, oduň ýalny we ş.m. Käbir jisimler
özlerinden ýagtylyk çykarmasa-da, başga çeşmeden çykyp, özüne
düşýän ýagtylygy serpikdirýär. Meselem, Aý, aýnalar.
Käbir mör-möjekler, balyklar hem özlerinden şöhle çykarýarlar.
Ýagtylyk çeşmelerini şertli ýagdaýda iki görnüşe bölmek bolar:
tebigy
we
emeli
çeşmeler (102-nji surat).
133
Gün, ýyldyzlar, ýyldyrym, demirgazyk şapagy, ýapyldaýan tomzaklar,
käbir balyklar, çüýrüntgiler ýagtylygyň
tebigy çeşmelerine
degişlidir.
Ynsanyň aralaşmagy bilen emele getirilýän ýagtylyk çeşmelerine
emeli çeşmeler
diýilýär. Olara elektrik lampoçkasy, oduň ýalny,
kerosin lampasy, telewizoryň ekrany, elektrik we gaz bilen kebşirleýji,
lýuminessent lampalar, gyzan gazlar we ş.m. ler girýär.
Ýagtylyk çeşmelerinden çykýan şöhle dürli reňke eýe bolýar.
Jisimleriň ýag tylyk çykarmagynyň esasy sebäbi onuň gyzmagydyr.
Jisimiň temperaturasynyň ýokary ýa-da aşak bolşuna garap,
ondan çykýan şöhläniň reňki-de üýtgeýär. Meselem: elektrik
lampoçkasyndan kesgitli tok akyp geçmese, ol gyzaryp ýanýar we
otagy gowy ýagtylandyrmaýar.
Ýagtylygyň
tebigy çeşmeleri
Ýagtylygyň
emeli çeşmeleri
Ýagtylygy kabul
edijiler
102-nji surat.
Ýagtylygyň täsirinde işleýän jisimlere
ýagtylygy kabul edijiler
diýilýär.
Adamyň gözi şu wezipäni ýerine ýetirýär. Fotoplýonkalar,
fotosurat, wideo kamera, Gün batareýalary, telewizor we magni-
tofonlary dolandyrýan pultlar şolara degişlidir. Gün şöhleleriniň
täsirinde ösümliklerde örän çylşyrymly prosesler bolup geçýär we
Ýerdäki ýaşaýyş üçin möhüm bolan kislorod bölünip çykýar we
beloklar, ýaglar emele gelýär.
134
1. Ýagtylygyň ýene nähili çeşmelerini bilýärsiňiz?
2. Sowuk halynda şöhle çykarýan çeşmeler barmy?
3. Ýagtylygyň täsirinde işleýän ýene nähili gurluşlary bilýärsiňiz?
Dostları ilə paylaş: |