akkumulýa tor lar
(92-nji surat) diýilýär.
90-njy surat.
91-nji surat.
92-nji surat.
Tok çeşmeleri
elektrik güýjenmesi
diýlip atlandyrylýan
parametr bilen tapawutlanýar.
Elektrik güýjenmesi ýörite esbap
woltmetriň
kömeginde
ölçelýär. Onuň daşky görnüşi we birikdirilişi 93-nji suratda getirilen.
Woltmetr ulanyja parallel birikdirilýär. Elektrik güýjenmesiniň birligi
hökmünde bir
wolt
kabul edilen (1 V).
a)
b)
93-nji surat.
94-nji surat.
Uly kuwwata eýe bolan elektrik toguny öndürýän gurluşa
elektrik
togunyň generatory
diýilýär (94-nji surat).
1. Elektrik togunyň alnyş şertlerini aýdyp beriň.
2. Wolta sütüninde zarýadlaryň bölünişi nähili hadysa sebäpli
bolýar?
3. Gündelik durmuşda ulanylýan batareýalara we akkumu-
lýator lara mysallar getiriň.
124
Amaly ýumuş
Agymtyl we gyzgylt reňkdäki birnäçe teňňe, duzly suw sorulan
kagyzyň kömeginde wolta sütünine meňzeş batareýa ýasaň.
1. Bir sany galwaniki element emele getiren güýjenme adatda
1–2 V töwereginde bolýar, gök gürrüldän wagtynda bulutlaryň
arasyndaky güýjenme bolsa 100 million wolta ýetýär.
2. Uly kuwwatly generatorlaryň güýjenmesi 15–20 kV -a
deň bolan elektrik energiýasyny işläp çykaryp, peýdaly täsir
koeffisiýenti 97–98%-e ýetýär.
45-nji TEMA
DURMUŞDA ELEKTRIK TOGUNYŇ ÄHMIÝETI.
ÝÖNEKEÝ ELEKTRIK ZYNJYRY
Durmuşymyzy elektrik toksuz göz öňüne getirmek gaty kyn. Ol
bize hemme ýerde durmuşymyzy ýeňilleşdirmekde kömek edýär.
Ir bilen turup elektrik çyrasyny ýakýarys, elektrik çäýnekde çaý
gaýnadýarys. Mikrotolkunly elektrik peçde ertirlik gyzdyrýarys.
Ertirlikden soň lift arkaly aşak düşýäris. Metroda okuwa ýa-da işe
barýarys. Ýol ugruna öýjükli telefonda gepleşýäris. Mekdebe okamaga
gelsek, derse jaň kakylýar. Ýagty otaglarda elektrike degişli dersleri
geçýäris. Üns berilse, bularyň ählisinde elektrik togy kömekçi bolup
hyzmat edýär. Durmuşda biz peýdalanýan ençeme zatlar ýaly olaryň
oňyn taraplary bilen birlikde, ägä bolmasaň, zyýanly taraplary-da
bar. Çünki simlerden geçýän elektrik togy göze görünmeýär, ysy
ýok, reňksizdir. Toguň bardygyny ölçeg esbaplarynyň kömeginde
kesgitlemek mümkin. Tokdan zyýan çekilmegi ilkinji gezek 1862-nji
ýylda anyklandy. Munda adam tok geçýän simiň açyk ýerine degip
heläk bolupdyr. Şu sebäpli ondan peýdalanmak üçin esbaplary tok
çeşmelerine dogry birikdirmegi öwrenmelidiris.
Öwrenmegi ýönekeý elektrik zynjyryny düzmekden başlalyň.
Munuň üçin tok çeşmesi, elektrik lampoçkasy we öçürip-ýakyjy
alynýar. Soňra depdere olary bir-birine birikdirmegiň çyzgysy
çyzylýar. Çyzgyda tok çeşmesi, lampoçka, öçürip-ýakyjy we başga
esbaplar şertli belgiler bilen belgilenýär (95-nji surat).
125
– öçürip-ýakyjy;
–elektrik lampoçkasy;
– birikdiriji sim;
– tok çeşmesi.
95-nji surat.
Bu shema
Dostları ilə paylaş: |