Dowamly tonzillit: alamatlary, gaýRAÜZÜlmeleri we bejergi çÄreleri



Yüklə 26,62 Kb.
Pdf görüntüsü
tarix13.03.2017
ölçüsü26,62 Kb.

DOWAMLY TONZILLIT: ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI WE  BEJERGI ÇÄRELERI

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 04 Mart 2013 22:00

   


Badam  şekilli  mäzleriň  ýiti (angina) we dowamly sowuklama keselleri babatda lukmançylyk

kömegini  berme otorinolaringolog  lukmanynyň işiniň agramly bölegini tutýandyr. Güýz we gyş

aýlary has ýygy duş gelýän badam şekilli mäzleriň sowuklamagy  özwagtynda bejerilmedik

ýagdaýynda, çynlakaý gaýraüzülmelere we zähmete ukyplylygyň  peselme ýagdaýlaryna getirip

biler.

      


   Eýsem, dowamly tonzillit näme?

  

   Dowamly tonzillit-kentlewükde ýerleşýän badam şekilli mäzleriň sowuklamasydyr. Badam



şekilli mäzleri bedeniň immunobiologik goranyş mehanizmine işjeň gatnaşýan beden agzasydyr.

Bu işjeňlik, esasanam, çagalyk döwründe aýdyň ýüze çykýp, badam şekilli mäzlerinde bolup

geçýän sowuklama hadysalary durnukly immunitetiň işlenilmegine getirýär.

  

   Emma  badam şekilli mäzleriniň ýygy-ýygydan sowuklap durmagy bakterial ýokançlyklar



zerarly immunitetiň işlenilmegini togtadyarlar we dowamly tonzillitiň döremegine sebäp

bolýarlar. Mundan başga-da, immunitetiň işlenilmeginiň togtamagy antibiotikler bilen

görkezmesiz bejerilmegi, şeýle hem gyzgyny peseldiji derman serişdeleriniň nädogry kabul

edilmegi bilen bagly bolýar.

  

   Dowamly tonzillit burun bilen dem alma bozulanda (adenoidler, burun germewiniň gyşarmagy,



burnuň polipleri we ş.m.) hem döräp bilýär. Mäze golaý ýerleşýän karioz dişlerdäki, iriňli

gaýmoritlerdäki, dowamly adenoidlerdäki ýokançlykly ojaklar ýerli häsiýetli bozulmalaryň sebäbi

bolup bilýär.

  

   Dowamly tonzillitiň döremeginde immunitetiň, bedeniň goranyş güýçleriniň, allergik



ýagdaýlaryň täsiri uludyr.

  

   Badam şekilli mäzleriň dowamly sowuklamasynda nähili üýtgeşmeler bolup geçýär?



 1 / 5

DOWAMLY TONZILLIT: ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI WE  BEJERGI ÇÄRELERI

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 04 Mart 2013 22:00

  

   Ýokançlyklaryň täsiri bilen emele gelýän üýtgeşmeler  badam şekilli mäzleriniň lakunalarynda



(gasynlary) toplanýar. Sowuklama ahwalatlary ýumşak limfoid dokumanyň deregine birleşdiriji

dokumanyň emele gelmegine sebäp bolýar. Badam şekilli mäzlerde sepleşme  birleşmeleri

emele gelýär, lakunalaryň birnäçesi daralýar we ýapylýar. Netijede, töweregi ýapyk iriňli ojaklar

döreýär.


  

   Badam şekilli mäzleriň ýumşamagy ýa-da tersine, gatamagy,  kentlewük ýaý halkalarynyň

(boýuntyryk) we badam şekilli mäzleriniň aralygynda sepleşen  birleşmeleriň döremegi ýaly

alamatlar dowamly sowuklama ýagdaýynyň barlygyndan habar berip biler.Ýiteleşme döwri üçin 

mäz gasynlarynda iriňli "dykyjyklaryň" (nokatjyklar görnüşde) ýa-da suwuk görnüşli

iriňiň döremegi, boýundaky limfa düwünleriniň ulalmagy mahsusdyr.

  

   Tonzillitiň  kompensirlenen we kompensirlenmedik görnüşlerini belleýärler. Tonzillitiň ko



mpensirlenen görnüşinde

badam şekilli mäziň sowuklamasynyň  diňe ýerli alamatlary ýüze çykýar, bedeniň goranyş

ulgamy bolsa ýerli sowuklama ýagdaýyny deňagramlylykda saklap, onuň bedene

ýaýramagynyň öňi alynýar.

  

   Tonzillitiň kompensirlenmedik görnüşinde dowamly sowuklamanyň ýerli alamatlaryndan



başga-da mäziň ýiti sowuklamasy (angina), badam şekilli mäziň iriňlemegi, onda iriňli

boşluklaryň döremegi, ýürek-damar (miokardit, endokardit) ulgamynyň, peşew-jyns agzalarynyň

keselleri ýaly beden ulgamlarynyň bozulmalary bilen häsiýetlendirilýän gaýraüzülmeler ýüze

çykýar.


  

   Dowamly tonzillitiň islendik görnüşi tutuş bedende allergiýa täsirliliginiň we ýokançly ojaklaryň

döremegine sebäp bolup  bilýär.Mäz lakunalaryndaky  ýokançlyklaryň göwreli aýallar üçin has

hem howpludygyny, ýokançly ojagyň düwünçegiň ösüşine ýaramaz (çörekçäniň bozulmalary,

çaga ýan suwlarynyň azalmagy ýa-da köpelmegi we başgalar) täsir edip biljekdigini bellemelidir.

  

   Dowamly tonzillit bilen bagly keseller



  

   Guragyry, düwün periarteriiti, sklerodermiýa, dermatomiozit ýaly dokumalar ulgamyny

 2 / 5


DOWAMLY TONZILLIT: ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI WE  BEJERGI ÇÄRELERI

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 04 Mart 2013 22:00

zeperlendirýän  keseller, psoriaz, ekzema (süýjübaş) ýaly birnäçe deri keselleri, nefrit,

tireotoksikoz, pleksit, radikulit ýaly keseller badam şekilli mäziň dowamly geçýän sowuklamasy

bilen bagly bolup bilerler. Uzaga çeken beden zäherlenmesi trombositopeniki purpuranyň we

gemmoragik waskulitiň ýüze çykmagyna itergi berip biler.

  

   Dowamly tonzilliti bejermegiň usullary



  

   Bejergi çäreleri tonzillitiň görnüşine bagly bolýar. Tonzillit dekompensirlenen bolsa, onuň

ýaýraýyş we zeperlendiriş derejesini  kesgitlemelidir. Bejergä başlamazdan, kariýes bilen

zeperlenen dişleri bejerme, burundaky we ýüz süňk boşluklaryndaky sowuklamany aradan

aýyrma hökmany çäre bolup durýandyr.

  

   Dowamly tonzillidiň bejergisinde derman serişdeleriň toplumyny, fizioemleri we görkezmeler



bilen hirurgiki usullary ulanýarlar.

  

   Hirurgiki usullar



  

   Operatiw bejergini  tonzillitiň  kompensirlenmedik  görnüşini derman serişdeleri bilen bejerip

bolmadyk ýagdaýynda belleýärler.

  

   Häzirki döwürde lazer lakunotomiýasy ýa-da tonzillektomiýasy ýaly täze hirurgiki usullaryň



üstünde işlenilýär.

  

   Badam şekilli mäzlerine hirurgiki ultra ses arkaly hem täsir ýetirilýär. Kriohirurgiki (sowuk



temperaturanyň täsiri) usul hem giňden ulanylýandyr.

  

   Tonzillektomiýa gemofiliýada, ýürek-damar, böwrek ýetmezçiliginde, süýji keselinde,



inçekeselde, ýiti ýokanç kesellerinde, göwreliligiň soňky aýlarynda, aýbaşydan öň bellenilmeýär

we geçirilmeýär. Operasiýadan öň näsag angina bilen kesellän bolsa, ara 2-3 hepde  salmak

hökmany düzgün bolup durýandyr.

 3 / 5


DOWAMLY TONZILLIT: ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI WE  BEJERGI ÇÄRELERI

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 04 Mart 2013 22:00

  

   Derman serişdeleri bilen bejeriş usullary



  

   Konserwatiw bejergi tonzillitiň kompensirlenen görnüşinde bellenilip, ol birnäçe görnüşi öz

içine alýandyr.

  

   1. Bedeniň goranyş ukybyny ýokarlandyrýan serişdeler: oňaýly gün tertibi, düzümi witaminli



ýokumly iýmit, fiziki maşklar, bedeniň goraglylyk ulgamyny berkidiji serişdeler, demir mineralyny

saklaýan serişdeler (esasan hem dowamly gan azlylykda) we ş.m.

  

   2. Gönüden-göni immuniteti tijendiriji serişdeler: lewamizol, taktiwin, prodigiozan, timalin we



ş.m.

  

   3. Bedene reflektor täsir ediji serişdeler: nowokain bilen gurşap almagyň dürli görnüşleri, iňňe



bilen bejergi, oňurganyň boýun bolüminiň manual (el bilen) bejergisi.

  

   4. Kentlewük badam şekilli mäzlerine we olaryň töweregindäki limfa düwünlerine arassalaýjy



täsiriniýetirýän serişdeleri ulanma: badam şekilli mäzleriniň lakunalaryny ýuwma olardaky

dykylary we iriňi aýyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýuwma üçinantiseptikler, antibiotikler,

fermentler, kömelejiklere garşy, immuniteti tijendiriji we biologiki taýdan işjeň serişdeler

ulanylýar. Bu usul dogry amala aşyrylanda, lakunalardaky ýokançly ojaklar ýok edilýär, badam

şekilli mäzler kiçelýär.Elektrosorujy abzalyň kömegi bilen  hem lakunalardaky iriňi aýyrmak

bolýar.


  

   5. Lakunalara derman serişdeleriniň goýberilmegi. Derman goýbermek üçin ýörite uçly

(kanyulýaly) şpris ulanylýar. Onuň kömegi bilen dürli emulsiýalar, pastalar, çalgy ýaglary

lakunalara goýberilýär. Ol ýerde derman serişdeler has uzak wagt saklanylyp, olaryň täsiri

güýçlenýär. Lukman bu maksat üçin hiorgeksidiniň, dioksidiň erginini, propolisiň, ewkaliptiň,

ýapon soforasynyň, hlorofilliptiň spirtli erginlerini ulanyp biler.

  

   6. Badam şekilli mäzlere sanjym edilmegi. Şprisiň kömegi bilen badam şekilli mäzleriň



 4 / 5

DOWAMLY TONZILLIT: ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI WE  BEJERGI ÇÄRELERI

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 04 Mart 2013 22:00

dokumalaryna we olaryň töweregine dürli derman serişdeler sanjylyp siňdirilýär. Häzirki

döwürde bu maksatlar üçin köp sanly owunjak iňňeli şprisler hem ulanylyp, derman serişdesi

dokumanyň hemme ýerine birmeňzeş siňdirilýändir.

  

   7. Badam şekilli mäzlerine derman serişdeleriniň çalynmagy. Dermanlaryň çalynmagy hem



edil olaryň göýberilmegi ýaly täsir edip, bu maksat  üçin kollargolyň, Lýugolyň ergini, hlorofilliptiň

ýagly ergini, propolis bilen ýagyň demlemesi ulanylýar.

  

   8. Bokurdagy çaýkamak. Bu usuly näsagyň özi geçirip biler. Halk tebipçiliginde bokurdagy



çaýkamak üçin (meselem, süýde goşulan owradylan sarymsak) dürli serişdeler hödürlenilýär.

Şeýle erginler dermanhanalarda-da (rotokan, elekasol, tonzilgon) ulanylmaga taýýar görnüşde

satylýandyr.

  

   Fizioemleri bilen bejeriş usullary



  

   Ultra ses, mikrotolkunlaryň, lazeriň täsiri, induktotermiýa, ýokary ýygylykdaky tolkunlar,

ultramelewşe şöhlelendirilmegi, magnitoterapiýa, elektroforez fiziki usullary dowamly tonzillitde

giňden ulanylýar. Mundan başga-da, "Witafon" enjamy, "Bioptron"

çyrasy, palçyk bilen bejerme, dermanlaryň bugy bilen täsir etme ýaly enjamlar we usullar netijeli

bolup biler.

  

   Tonzillitiň bejergisinde emler 10-12 gezege çenli ulanylyp, bir ýylyň dowamynda bejergini



güýz we ýaz paslynyň başynda almak maslahat berilýär.

  

   Dowamly tonzillitiň  bejergisi has netijeli bolar ýaly, maşgala agzalarynda  ýüze çykarylan



tonzillit hem doly we özwagtynda  bejerilmelidir.

 5 / 5


Yüklə 26,62 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2020
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə