MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
65
mekdebe çenli pedagogika çagalarda sözlügiň ösüşine sözleýşiň
ösmeginiň möhüm meseleleriniň biri hökmünde garaýar. Dildäki sözleriň
hemmesi birlikde diliň sözlük düzümi bolup, onuň özeni esasy sözlük
gorumyzdyr. Çagalarda tebigata bolan söýginiň kemala gelmegi üçin
tebigata gezelençleriň ähmiýeti uludyr. Çagalar bilen alnyp barylýan
işleriň netijesinde tebigata söýgi duýgulary kämilleşýär. Ol söýgi
duýgularyny gaýtalamak sapaklaryny geçmek bilen berkitmek bolar. Bu
gaýtalamak sapaklarynda çagalar bilen syn etmeleriň, gezelençleriň,
okuw gezelençleriniň netijesinde gören zatlary barada söhbetdeşlik
guralýar, sorag jogap alşylýar, öwrenen goşgulary, aýdymlary, nakyllary
aýtdyrylýar. Gören, synlan geň-enaýy wakalaryny surat ýüzüne
geçirtmek arkaly syn etmegiň netijesinde ýatda galyjylyk, göz öňüne
getirip bilmek endikleri, başarnyklary barlanylýar. Çagalaryň çeken
suratlarynyň esasynda toparyň içinde ene-atalaryň gatnaşmagynda sergi
guralýar. Soňra “Körpe tebigaty söýüji”diýen ýaryş yglan edilip, çagalar
bagynyň çäginde ýaşajyk suratçylaryň sergisi geçirilýär. Ol sergä başga
çagalar baglaryndan hem myhmanlar çagyrylýar.
Çagalar daş-töwerege gezelenç etmek bilen predmetleri, adamlary
synlap her bir zadyň şahsy aýratynlygyny öwrenmelidirler. Formasy,
reňki, ululygy barada düşünje artdyrmak predmetler tanyşmak etaplaýyn
geçirilýär.
Dostları ilə paylaş: