Türkmenistan – rowaçlygyň Watany
Gadamlar batlansyn şan-şöhrat bile,
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany.
Ýylymyz başlandy ajap at bilen,
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany.
Türkmen toý toýlaýar il-ulusy bilen,
Geňeşip gojasy-ýaşulysy bilen,
Günleriň gowudan gowusy bilen,
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany.
“Ýer alma, goňşy al” diýipdir olar,
“Hemsaýamaz” diýip söýüpdir olar,
Dünýä döwletleri dost bolup goldar,
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany.
Bize bagt getirdi her geçen ýyllar,
Hem oňa guwanýar bagtyýar iller,
Milli Lider bilen has şowly bolar,
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
162
Diliň aragatnaşyk serişdesidigi hemmämiz üçin mälim zat. Dil
jemgyýetiň döremegi, ösmegi üçin zerur şertleriň biri bolup durýar. Dil
bolmasa adamzat aragatnaşygy amala aşmaýar.
Bu ýagdaý, hakykatdan-da, örän haýal, kem-kemden kämilleşmek
ýoluny geçip, adamyň intellektiniň ösmeginde uly özgeriş geçirmek bilen
döwrümize gelip ýetipdir.
36.
Talyplar bilen ses medeniýetini ösdürmäge degişli
köpçülikleýin we aýratyn geçirilýän işleri meýilnamalaşdyrmak.
Geçilenleri gaýtalamak.
Köpçülikleýin we aýratyn geçirilýän işleriň ähmiýeti.
Geçilenleri gaýtalamak üçin ýörite sapak berilýär.
Terbiýeçi her bir çaganyň sesleri aýdyşynyň öz aýratynlyklaryny
bilmelidir.
Terbiýeçi ertirlikden öň ýa-da günüň ikinji ýarymynda, haçan-da
toparda çaga az bolan wagtynda çaga bilen aýratynlykda gürrüüňdeş
bolanda çagalaryň ses aýdyşyny barlaýar.
Belli bir çekimsiz sesiň sözüň dürli ýerinde (başynda, ortasynda,
ahyrynda) gelen sözleri ulanmak arkaly çagalaryň ses aýdyşy barlanylýar.
Meselem:
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
163
Terbiýeçi surat görkezip, çagadan suratda görkezilen zadyň adyny
aýtynlygyny soraýar. Eger-de çaga bilmese, terbiýeçiniň özi aýdyp, soňra
çaga gaýtaladýar.
Kiçi ýaşly topardaky çagalara adamyň beden agzalaryny aýtdyrmak
bilen, çaganyň ses aýdyşyny barlamak bolar (el, aýak, burun, barmak,
dyrnak, kirpik we ş m).
Ses aýdyşyny barlamak çaga bilen gürrüň geçirmek, kiçi ýaşly
çagalar bilen bolsa oýun görnüşinde amala aşyrylýar.
Topardaky hemme çagalaryň ses aýdyşy okuw ýylynyň başynda
barlanylýar. Birinji gezekde barlanylanda ses aýdyşynda kemçiligi bolan
çagalar ýylyň dowamynda barlanylýar.
Çaganyň ses medeniýetini ösdürmek boýunça ýokarda aýdylýan
usullary peýdalanmak oňat netije berýär Bu usullar dogry alnyp barlanda,
mekdebe çenli ýaşda çagalar sesleri dogry aýdyp bilýärler. Eger-de 5-6
ýaşly çaga käbir sesleri dogry aýdyp bilmese, onuň bilen aýratyn iş
geçirmeli. Aýratynlykda geçirilýän işiň yzygiderligi şeýle: ilki bilen
terbiýeçi sesi aýdanda çaganyň ses apparatynyň hereketine ünsli
Şa
•
şagal
•
ýowşan
•
şah
•
şaha
•
şaly
Şo
•
şor
Şy
•
bagşy
•
şygyrş
•
ýaşyl
•
yşyk
•
şypbyk
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
164
seretmegini, aýdylýan sesi ünsli diňläp. soňra ony gaýtalamaga-
synanyşmagyny talap edýär. Haçan-da çaga sesi dogry aýdyp başlanda,
terbiýeçi şol sesi başga sesler bilen birlikde, şeýle-de şol sese degişli
sözleri, goşgulary berýär, ýörite saýlanyp alnan suratlar boýunça gürrüň
etdirýär. Eger-de bu işler öz netijesini bermese, çagany logopede (dil
düzediş mugallymyna) görkezmelidir.
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek işi ene diliniň ähli
sapaklarynda- da göz öňünde tutulýar Terbiýeçi sapakda surat boýunça
işlände çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, baglanyşy'kly sözleýşi
ösdürmek bilen bir hatarda oňat diksiýany-da terbiýeleýär Beýleki
sapaklarda hem eşidiş ünslüligine, kadaly dem alşa. sesiň dogry
aýdylmagyna, labyzlylyga üns berilýär.
Sözleýişiň ses medeniýetini terbiýelemekde saz sapaklarynyň
ähmiýeti uludyr. Çaganyň sazy diňlemegi. saza goşulup hereket etmegi
çaganyň eşidiş ünslüligini, sözleýşiň kadaly dem alşyny, depginini,
labyzlylygy ösdürýär.
Terbiýeçi sapakdan daşary wagtda-da (irki maşkda, gezelençde we
ş.m) sözleýşiň ses medeniýetini ösdürmeklige üns bermelidir.
Sözleýşiň ses medeniýeti bu aýdylýan pikiriň mazmunyna görä
sözleýşiň hemme talaplaryny berjaý edip beýan etmekdir, ýagny hemme
sesleri ýerli-ýerinde goýup, intenasiýa boýunça hem-de grammatikanyň
hemme talaplaryny berjaý etmegine aýdylýar. Terbiýeçiniň öňünde
durýan ilkinji wezipeleriň biri çaga dil çykyp başlandan aýdýan sözlerini
dogry aýtmagy, ýagny hemme sesleri ýerli-ýerinde öz aýdylyş basymy
boýunça çaga ilkiden nädogry öwrenip gitse, soň hem şoňa öwrenip
gidýär. Meselem: şu wagta çenli köp adamlar, mugallym sözüni basymy
boýunça dogry aýtmagy başarmaýarlar. Sözleýşiň ses medeniýeti
diýlende, diňe gepleşikdäki hemme sesleri dogry aýdyp bilmek däldir,
oňa düşnükli, howlukman intonasiýa boýunça gürrüň etmek degişlidir.
Ýaňy dil çykyp ugran çagalar gepleşikdäki käbir sesleri (r, s, ş, ž we ş.m.)
dogry aýdyp bilmeýärler. Olar bilen ýörite iş geçirilýär. Gerek bolsa dil
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
165
düzedişe ýüz tutulýar. Durmuşda käbir çagalar öz pikirlerini beýan etjek
bolup, örän howlugyp gepleýärler. Netijede olar pikirlerini dogry aýdyp
bilmän sakynýarlar. Çagalaryň sakynyp geplemekleriniň başga sebäpleri
hem bardyr. Ol kelle beýniniň işi bilen baglanyşyklydyr. Munuň ýaly
çagalar bilen ýörite dil düzedijilere, lukmanlar bilen iş salyşýarlar.
Durmuşda çagalarda, ulularda aýdylýan pikiri (sözlemi) soňuna
degişli äheňinde aýtmaýarlar, ýagny olar sözlemiň soňky sözlerini iýip,
galýarlar. Bu işlerini düzetmek sözleýşiň ses medeniýetine degişlidir.
Durmuşda çagalar bir zady gürrüň edenlerinde dem almaly
ýerlerini doly bilmeýärler, käbir pikirleri bir demde aýtjak bolýarlar.
Netijede käbir sesler, sözler eşidilmän galýar. Soňra sözlemiň manysy
ýitýär, äheňi bölünýär.
Çagalara ses medeniýetini öwretmek üçin olara aýdylýan sözleri,
sesleri gowy eşitmekligi, ünsli bolmaklygy öwretmeli.
Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi dowam edýär. Çaganyň ses
çykaranynda käbir sesleri aýtmagynda özbaşdaklyk peýda bolýar. 3,4
aýlyk çaga bogazdan peýdalanyp ses çykarýar. 5 aýlykda uzyn çekimli
sesleri aýdyp başlaýar. A-a-a, u-u-u ... 5-6 aýlykda bölek-bölek bogunlary
aýdyp bilýär. Meselem, bi-bi-bi, ma-ma.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
166
Dostları ilə paylaş: |