109
Näme sebäpden radia torlar äpişgäniň aşagyna ýerleşdirilýär? 79-njy
suratda suwuklyklary salnan temperaturasynda saklaýan gap –
termos
görkezilen. Onda metal gabygyň içinde iki gatdan ybarat çüýşe diwarly
gap ýerleşdirilen. Çüýşe diwarlaryň arasy wakuumdan ybarat. Çüýşe
gabyň içki bölegi ýuka kümüş bilen örtülen. Şeýle gapdaky suwuklyk
gyzgyn halynda uzak wagtlap saklanýar. Ýylylygy geçirmegiň üç
görnüşi boýunça ýylylygyň ýaýrap gitmezliginiň sebäbini düşündiriň.
Diýmek, zerurlyga seredip ýylylygy ýagşy geçirmek zerur
bolsa, konwek siýany çaltlandyrmak çäreleri hem-de ýylylygy gowy
geçirýän materiallardan peýdalanmaly eken. Öýde nahar bişirmek
we çaý gaýnatmak üçin ulanylýan gazan we beýlekiler ýylylygy
gowy geçirýän materiallardan ýasalýar. Ýöne gaýnan çaýy uzak
wagtlap gyzgyn halynda saklamak üçin farfor çäýnege demlemek
maksadalaýykdyr. Çaýy stakanda içsek, agzyňy bişirýär. Emma farfor
käsede içseňiz agzyňyz bişmeýär. Munuň sebäbi näme?
77-nji surat.
78-nji surat.
79-njy surat.
Şöhlelenme energiýasyndan peýdalanylanda-da materiallara we onuň
reňkine üns berilýär. Tomusda ýylylyk şöhlelerini gowy serpikdir ýän ak
reňkli geýimler geýilse, gyşda doýgun reňkli geýimler geýilýär.
Dostları ilə paylaş: