Difteriýa (HÖreZeK)



Yüklə 42,57 Kb.
Pdf görüntüsü
tarix13.03.2017
ölçüsü42,57 Kb.
#11109

Difteriýa (HÖreZeK) - 

ýiti ýokanç kesel bolup, köplenç damagyň,

bokurdagyň,  burunyň,  seýrek  halatlarda  gozüň,

gulagyn,  deriniň  we  jyns  organlarynyň  nemli

bardalarynyň  sowuklamagy  bilen  bedeniň

bütinleý agyr zäherlenmegine eltýär.

Çaga  “angina”  bilen  kesellän  wagtynda

lukmanyň kömegine ýüz tutuň! Ýogsam, çaganyň

ömrüne  howp  salýan  keselden  soňky  döreýän

beterleşmelere duçar bolmagy mümkin.

keseliň  gaýra  üzülmeleri  –  ýürek-damar

ulgamynyň  işleýşinde  ýiti  ýetmezçilikleriň,

miokarditiň, newritleriň ýüze çykmagy

Bürme - 

ýiti  ýokanç  kesel  bolup,  merkezi  nerw

ulgamyna zeper ýetmegi netijesinde, myşsalaryň

gatamagy  we  güýçli  damar  çekmeler  bilen

häsiýetlenýär.

keseli  dörediji  taýajyk  tebigatda  giňden

ýaýran,  haçan-da  bedeniň  derisiniň  bitewüligi

bozulanda (ýara, döwük-ýenjik we ş.m.) bedene

aralaşýar.

dürli


ýagdaýlarda

deri


ýaralanan

halatynda,  hökmany  bürme  keseline  garşy

gyssagly öňüni alyş kömegi almak üçin lukmana

ýüz tutmaly.

Milli  tertibine  laýyklykda  öňüni  alyş

sanjymlaryň  talabalaýyk  geçirilmeginiň

netijesinde,  soňky  ýyllarda  ýurdumyzda

difteriýa,  gökbogma,  bürme  keselçiliginiň

derejesi ep-esli peseldi.

KeSeLiŇ ÖŇüNi aLmaK:

Gökbogma,  difteriýa,  bürme  kesellerine  garşy

(AGDB  kombinirlenen  waksina  bilen)  çaga

2  aýlykda  AGDB

1

,  3  aýlykda  AGDB



2

,  4  aýlykda

AGDB

3

, 18 aýlykda AGDB



4

öňüni alyş sanjymlary

edilýär.

Difteriýa,  bürme  kesellerine  garşy  6  ýaşda  ADB

sanjymy, 15 ýaşda ADB-M

1

, 25 ýaşda ADB-M



2

san-


jymlary geçirilýär.

 

GyZamyK - 

ýiti  ýokanç  kesel  bolup,  bedeniň

zäherlenmegi,  gyzgynynyň  38ºC-39ºC  çenli

ýokarlanmagy, dem alyş ýollarynyň we gözüniň

nemli  bardasynyň  çişmegi  hem-de  özboluşly

örgüniň örmegi bilen häsiýetlenýär.

näsag  keseliň  başlan  döwründen  tä

örgün  örýänçä  daş-töwerekdäki  adamlar

üçin  howplydyr.  Wirus  howa  arkaly,  dem  alyş

ýollaryndan  bölünip  çykýan    damjalar  ýa-da

burundan,  bokurdakdan  bölünip  çykýan  nem

arkaly geçýär.

keseliň  gaýra  üzülmeleri  –  gulagyň

orta  böleginiň  sowuklamagy  (otit),  öýkeniň

sowuklamagy (pnewmoniýa), körlük we keselden

soň döreýän ensefalit



HapGyrtma - 

ýiti  ýokanç  kesel  bolup,  bedeniň

zäherlenmegi,  tüýkülik  mäzlerine  we  beýleki

mäzlere,  nerw  ulgamyna  zeper  ýetmegi    bilen

häsiýetlenýär.

kesel  umumy  gowşaklyk,  bedeniň

gyzgyny

38ºC-39ºC

çenli

ýokarlanmagy,



gulakýany  mäzleriň  çişmegi,  olaryň  agyrmagy

bilen başlanýar.

keseliň  gaýra  üzülmeleri  -  meningit,

meningoensefalit,  aşgazan  asty  mäziniň

sowuklamagy  (pankreatit),  jyns  mäzleriniň

sowuklamagy (orhit) we başgalar



GyZyLja - 

ýokanç kesel bolup, bedeniň gyzgynynyň

39ºC çenli ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk we

ýeňil görnüşli konýunktiwit, örgüniň örmegi ýaly

alamatlar  bilen  häsiýetlenýär.  Gyzylja  keselinde

köplenç kliniki alamatlar az ýüze çykýar.

keseliň  gaýra  üzülmeleri  -  uly  ýaşlylarda

köplenç  bogunagyry  (artralgiýa),  bogunlaryň

sowuklamagy (artrit)

Göwreli  aýallara  gyzyljanyň  wirusy  ýokuşanda,

wirus ýokuşan (maýyp, kemis) bäbegiň dogulm-

agyna howp döreýär



KeSeLiŇ ÖŇüNi aLmaK:

2007-nji ýylyň türkmenbaşy aýyndan başlap, 

gyzamyk, hapgyrtma, gyzylja kesellerine 

garşy (mmr kombinirlenen waksina bilen) 

çaga 12-15 aýlykda mmr

1

, 6 ýaşda mmr

2

 

öňüni alyş sanjymlary edilýär.

poLiomiýeLit - 

 ýiti  ýokanç  kesel  bolup,  nerw  ulgamyna

güýçli  zeper  ýetýär  we  ýiti  gowşak  ysmazlyk

döreýär


 kesel  ýiti  başlanýar,  näsagyň  bedeniniň

gyzgyny 38ºC-39ºC çenli ýokarlanýar, kelle agyry,

gaýtarmak,  myşsalarda  agyry,  ysmazlyk  ýaly

alamatlar ýüze çykýar.

keseliň  gaýra  üzülmeleri  –  myşsalaryń

atrofiýasy,  süńkleriń  deformasiýasy,  çagalarda

ömürlik maýyplygyň döremegine getirýär

Milli tertibine laýyklykda öňüni alyş sanjymlaryň

talabalaýyk

geçirilmeginiň

netijesinde,

1997-nji  ýyldan  bäri  Türkmenistan  boýunça

poliomiýelit keseli ýüze çykarylmady.

2002-nji  ýylda  Bütindünýä  Saglygy  Goraýýş

Guramasy  tarapyndan  Ýewropa  sebitiniň

51  ýurduna,  şol  sanda  Türkmenistana

dabaraly  ýagdaýda  ýabany  poliowirusyň

tebigatda  aýlanyşygynyň  ýok  edilendigi

barada güwänama gowşuryldy.

KeSeLiŇ ÖŇüNi aLmaK:

Poliomiýelite  garşy  2-3  günlükde  Polio

0

,  2


aýlykda Polio

1

, 3 aýlykda Polio



2

, 4 aýlykda Polio

3

,

18 aýlykda Polio



4

öňüni alyş sanjymlary edilýär.



 GÖKBoGma - 

ýiti ýokanç kesel bolup, köplenç gaýtarmak

bilen tamamlanýan özboluşly üsgülewik tutgaýy

häsiýetlidir.

kesel kiçi ýaşly çagalarda örän agyr görnüşde

geçýär.


 keseliň  gaýra  üzülmeleri  –  öýkene  zeper

ýetmegi  (bronhopnewmoniýa),  ensefalopatiýa

(damarlaryň  çekmegi,  epileptiki  tutgaý)  we

başgalar


Türkmenistanda  Saglygy  goraýyş  ulgamynda

waksina bilen ýokanç keselleriň öňüni almak iň

ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar.

Döwlet  tarapyndan  keselleriň  öňüni  alyş

sanjymlary  bilen  her  bir  raýaty  gurşap  almak

kepillendirilýär we milli tertibine laýyklykda ilata

öňüni alyş sanjymlary mugt geçirilýär.

HormatLy    ata - eNeLer ! 

ÇaGaŇyZyŇ SaGLyGy  SiZe BaGLy!

Bäbeklere “çaga dogrulýan” öýünden başlap, milli

tertibe laýyklykda:

wirusly gepatitiň B görnüşi, inçekesel,

poliomiýelit,

difteriýa (hörezek), gökbogma, bürme, gyzamyk,

hapgyrtma, gyzylja kesellerine garşy öňüni alyş

sanjymlaryny almagy unutmaň!



Öz wagtynda edilen sanjymlar çagany bu  

ýokanç kesellerden gorap saklar!

 

2004-nji  ýyldan  başlap 

türkmenistanda 

ähli 

çaga dogrulýan  öýlerde 

täze  doglan  çagalara 

geçirilýän  keseliň oňüni 

alyş  sanjymlary  barada 

doly  maglumat  bellik 

edilýän 

resminama  

SaNjym 

paSporty 

mugt berilýär

Uly  ýaşdaky  çagalara  we  raýatlara    SaNjym 

paSportyNy  öz  çägiňize  degişli  Saglyk  

öýlerinden alyp bilersiňiz.

KeSeLLeriŇ ÖŇüNi aLyŞ SaNjymLaryŇ miLLi tertiBi

Keseliň öňüni alyş sanjymlary görkezilen ýaşda,  

bellenilen  tertipde öz wagtynda geçirmeli. 

Sanjymlaryň geçiriliş tertibi bozulan halatynda  

olaryň täsiri peselýär.

Öňüni alyş

sanjymlaryň

geçirilýän wagty

Öňüni alyş sanjymlaryň görnüşleri

Bäbeklere ilkinji

24 sagadyň

dowamynda

Wirusly  gepatitiň  B  görnüşine

garşy


WGB

1

2-3 günlükde



Inçekesele garşy

BSŽ


1

Poliomiýelit keseline garşy

Polio

0

2 aýlykda



Wirusly  gepatitiň  B  görnüşine

garşy


WGB

2

Gökbogma,  difteriýa,  bürmä



garşy

AGDB


1

Poliomiýelit keseline garşy

Polio

1

3 aýlykda



Gökbogma,  difteriýa,  bürmä

garşy


AGDB

2

Poliomiýelit keseline garşy



Polio

2

4 aýlykda



Wirusly  gepatitiň  B  görnüşine

garşy


WGB

3

Gökbogma,  difteriýa,  bürmä



garşy

AGDB


3

Poliomiýelit keseline garşy

Polio

3

12-15 aýlykda



Gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma

kesellerine garşy

MMR

1

18 aýlykda



Gökbogma,  difteriýa,  bürmä

garşy


AGDB

4

Poliomiýelit keseline garşy



Polio

4

6 ýaşda



Difteriýa,  bürme  kesellerine

garşy


ADB

Gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma

kesellerine garşy

MMR


2

14 ýaşda


Inçekesele garşy

BSŽ


2

15 ýasda


Difteriýa,  bürme  kesellerine

garşy


ADB-M

1

25 ýaşda



Difteriýa,  bürme  kesellerine

garşy


ADB-M

2

WirUSLy GepatitiŇ B GÖrNüŞi - 



 

ýokanç


kesel

bolup,


işdäniň

peselmegi,

ýüregiň

bulanmagy,

ysgynsyzlyk,

bedeniň


gyzgynynyň

38ºC-39ºC  çenli  ýokarlanmagy,  peşewiň  goňur,

täretiň ak reňkde bolmagy bilen häsiýetlenýär

kesel  wirusly  gepatitiň  B  görnüşi  bilen

kesellän adamdan geçýär

keseliň gaýra üzülmeleri – keseliň ötüşen

görnüşe  geçmegi,  bagra  zeper  ýetmegi  (bagryň

sirrozy) we başgalar

Milli  tertibine  laýyklykda  öňüni  alyş

sanjymlaryň

talabalaýyk

geçirilmeginiň

netijesinde,  soňky  ýyllarda  ýurdumyzda  kiçi

ýaşly  çagalaryň  arasynda  wirusly  gepatitiň

B  görnüşi  keselçiliginiň  derejesi  ep-esli

peseldi.


KeSeLiŇ ÖŇüNi aLmaK:

Wirusly gepatitiň B görnüşine garşy täze doglan

çaga  ilkinji  24  sagadyň  dowamynda  WGB

1

,



2 aýlykda WGB

2

, 4 aýlykda WGB



3

öňüni alyş san-

jymlary edilýär.

iNÇeKeSeL - 

ötüşen  ýokanç  kesel  bolup,  kiçi  ýaşly

çagalarda örän agyr görnüşde geçýär

näsagda  ysgynsyzlyk,  ýadawlyk,  bedeniň

gyzgynynyň  37ºC-37,5ºC  çenli  ýokarlanmagy,

gakylykly üsgülewük ýaly alamatlar ýüze çykýar

keseliň  gaýra  üzülmeleri  –  öýken  ýürek

ýetmežçiligi, meningoensefalit we başgalar

Milli tertibine laýyklykda öňüni alyş sanjymlaryň

talabalaýyk  geçirilmeginiň  netijesinde,  soňky

ýyllarda ýurdumyzda 1 ýaşa çenli çagalaryň

arasynda  inçekeseliň  agyr  görnüşleri  duş



gelmeýär.

Yüklə 42,57 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin